Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Soýuzneftegazyň ýolbaşçysyny kabul etdi


13-nji iýulda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Orsýetiň Nebit we Gaz Senagatçylary Birleşiginiň ýolbaşçysy, “Soýuzneftegaz” atly hökümetara kompaniýanyň ýolbaşçysy Ýuriý Şafrannigi kabul edipdir. Bu barada Türkmenistanyň döwlet mediasy habar berýär.

Duşuşykda Hazaryň kenarynda ýerleşýän uglewodorod ýataklarynyň özleşdirilmegi meselesi barada gürrüň edilipdir.

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň nebit we gaz pudagy boýunça kadrlary ýetişdirýändigi üçin, “Soýuzneftegaz” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna sag bolsun aýtdy diýlip maglumat berilýär.
XS
SM
MD
LG