Sepleriň elýeterliligi

Eýrana akýan türkmen gazy artdyrylar


Paniýer: “Ýewropa Birleşigi dostlaşmak islemese-de, Eýran hyzmatdaş tapyp bilýändigini görkezmek isleýär.”

Paniýer: “Ýewropa Birleşigi dostlaşmak islemese-de, Eýran hyzmatdaş tapyp bilýändigini görkezmek isleýär.”

Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň çap eden informasiýasyna görä, 10-11-nji iýulda Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary derejeli delegasiýasy Aşgabatda boldy.

Delegasiýa Eýranyň Nebit ministriniň geňeşçisi, Milli Gaz Eksport kompaniýasynyň baş direktory Saýed Reza Kesaizada baştutanlyk etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy “Türkmengaz” döwlet konserninde geçen türkmen-eýran gaz gepleşiklerinde möhüm strategik pudak bolan gaz söwdasy, ondaky tejribelere baý ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, iki ýurduň gaz kompaniýalarynyň özara gatnaşyklaryny giňeltmek ýaly meseleleriň maslahatlaşylandygyny habar berýär. Türkmen-eýran gaz gepleşiklerinde nähili anyk netijelere gelnipdir? Näme üçin ýylyň ahyrynda Hytaýa gaz akdyryp başlajak Türkmenistan, birdenkä Eýrana berjek gazynyň möçberini artdyrmakçy?

Türkmenistanyň we Eýranyň delegasiýalary türkmen gazyny Eýrana akdyrmagyň şertlerini jikme-jik maslahatlaşdylar. Netijede, taraplar tebigy gazyň bahasyny ylalaşdylar, ol halkara formulasyna esaslanýar diýlip, TDH-niň maglumatynda bellenipdir. Emma her müň kub metr gaz üçin Eýran tarapynyň Türkmenistana näçe tölejekdigi belli bolman galýar.

Gazyň bahasynda `halkara formulasy` näme?

Gaz ugrundan türkmenistanly bilermen, “Dünýäde gaz biržasy ýok. Şonuň üçin nebitiň bahasy ötri gazyň nyrhy kesgitlenýär. Häzirki global malie krizisi döwründe nebitiň bahasy günde-günaşa üýtgäp dur” diýip düşündirýär. "Diýmek, halkara forumlasy boýunça gazyň bahasy hem durnuksyz. Şonuň üçin ýurtlar arasynda gysga döwür üçin gazyň bahasy özara ylalaşylýar."

Eýranyň Aşgabatdaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Zulfikar Emirşahy, üstümiizdäki ýylyň iýul aýyndan halkara formulasy boýunça iki ýurt arasynda gaz söwdasynyň boljakdygyny Eýranyň IRNA agentligine tassyklapdyr.

IRNA-nyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň Eýrana berýän gazynyň möçberi üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda iň pes derejä düşüpdir. Geçen ýyl Körpeje-Gurtguýy turbasyndan günde 25 million kubometr gaz akypdyr.

Iki ýurt arasynda gaz söwdasynyň şeýle pese gaçan döwründe, soňky Aşgabat gepleşiklerinde Eýrana beriljek gazyň möçberini 14 milliard kub metre ýetirmek barada ylalaşyga gelnipdir. Körpeje ýatagyndan ýylda 8 milliard kub metr gaz Eýrana berler. Ýurduň gündogaryndan- Döwletabat ýatagyndan - Eýran serhedine çenli täze turba çekilip, ondan 6 milliard kub metr gaz üstümizdäki ýylyň dördünji çärýeginde Eýrana akyp başlar.

Ylalaşyk birdenkä nähili gazanyldy?

Oppozisiýa wekili Halmyrat Söýünowyň pikiriçe, Türkmenistanyň Orsýet bilen gaz söwdasynyň soňky düşen ýagdaýy muňa itergi berýär, üstesine-de gaz diňe bir ykdysady gural däl, ol syýasy gural bolmagynda galýar. “Çünki Türkmenistan bu hereketi bilen Orsýete başga mümkinçilikleriň-de özünde bardygyny görkezmek isleýär, hem-de daşary bazara satýan gazynyň hiç bolmanda öňki möçberini we ýurda gelýän walýutany dikeltmekçi.”

Türkmenistanly nebit-gaz ugrundan bilermen belli bir derejede bu pikir bilen ylalaşýar hem-de türkmen häkimiýetleriniň bu hereketinde ykdysady bähbitden, gazdan syýasatyň ulurakdygyny öňe sürýär. “Türkmenistan Eýran bilen gatnaşyklary giňeltmek arkaly gazyň bahasynda Hytaýa we Orsýete gysyş etmek isleýär” diýip, bilermen aýtdy.

Türkmenistan bilen täze gaz söwdasyndan Eýran tarapy nähili maksat yzarlaýar? Oppozisiýa wekili Halmyrat Söýünow "Eýran Türkmenistanyň gaz ojaklaryndan özüne gerek gazy özüne bähbitli bahadan almakçy ýa-da Türkmenistanyň bazarynda bardygyny amerikanlara-da görkezmekçi bolýar" diýip belleýär. “Bu eýýäm ykdysadyetiň syýasy öwüşgini.”

Bir okda iki guş

Radiomyzyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça analitigi Brýus Paniýer, “Eýrany türkmen gaz bazary diňe özüne gaz gerekdigi üçin gyzyklandyrmaýar” diýip aýdýar. “Düýn Ankarada NABUCCO proýekti boýunça gol çekilen ylalaşyga syn edeli. Oňa gatnaşyjylaryň käbiri, Eýran hem bu proýekte gatnaşsa gowy bolardy, eger ol syýasatyny birazajyk häzirkisinden ýumşagrak ýöretsedi, onda ony şu proýekte goşardyk diýen pikiri öňe sürdi.”

Eýran öz gezeginde Türkmenistan bilen täze ylalaşyga gol çekişmek arkaly gaz bazarynda özüniň oýunçydygyny, belli bir rol oýnaýandygyny görkezmek isleýär diýip Paniýer belleýär. “Eger özi bilen ABŞ gatnaşyk saklamak islemese-de, Ýewropa Birleşigi dostlaşmak islemese-de, Eýran hyzmatdaş tapyp bilýändigini, Türkmenistan bilen çaklaňja kontrakty ýatyrylaýanda-da Merkezi Aziýanyň gaz bazarynda Orsýet, Türkiýe, Hytaý, ÝB ýaly özüniň hem oýunçydygyny görkezmek isleýär.”

Postsowet döwletleri boýunça ekspert Aleksandr Narodeskiniň pikiriçe, häzir regionda geosyýasy ýagdaý birden özgerdi. “Türkmenistanyň täze hyzmatdaşy Hytaý peýda boldy. Indi türkmen gaz bazaryny Eýran diňe bir Orsýet bilen däl, Hytaý bilen hem bölüşmeli. Ýene bir geljekki çynlakaý hyzmatdaş amerikanlar. Eger öz wagtynda hereket etmese, ýene-de bir Türkmenistanyň gaz hyzmatdaşy – ÝB peýda bolup, sanalgy wagtdan türkmen gaz bazaryny ýitirjekdigine eýranlylaryň akyly etýär. Şonuň üçin köp bäsdeşlikli bazardan Eýran nähilem bolsa bir paý alyp galmak isleýär.”

Her zat bolsa-da, türkmen gazynyň daşary bazarlara akýan ugurlarynyň köpelmegi, Halmyrat Söýünowyň pikiriçe bähbitli. “Mundan ahyrky netijede türkmen halky, türkmen döwleti utar. Edilýän işleriň ümzügi gaz meselesinde gowulyga tarap.”

Soňky türkmen - eýran gaz gepleşiklerinde Eýrana beriljek türkmen gazynyň möçberini 20 milliard kub metre ýetirmegiň mümkinçiliklerine-de seredildi diýlip, TDH gullugynyň maglumatynda bellenipdir.
XS
SM
MD
LG