Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Gürjüstana duýduryş berdi


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Gürjüstanyň geçen awgustda ýeterlik sapak alandygyny we şunlukda Abhaziýa bilen Günorta Osetiýany gaýdyp almaga synanyşmajakdygyny aýtdy.

Ol Günorta Osetiýa eden saparyndan soň eden çykyşynda, Gürjüstan tarapyndan şeýle synanşyk edilen ýagdaýynda, Orsýetiň muňa harby taýdan jogap berjekdigini hem mälim etdi.

Gürjüstan Günorta Osetiýany gaýdyp almaga synanyşandan soň, Orsýet, Gürjüstanyň separatist regionlary bolan Abkhaziýa bilen Günorta Osetiýany garaşsyz ýurtlar hökmünde ykrar edipdi.

Mälim bolşuna görä, Gürjü oppozisiýasy tarapyndan berk basyş bilen ýüzbe-ýüz bolup duran prezident Mihail Saakaşwiliniň, bu mesele boýunça täze konflikte başlamak arkaly halkyň ünsüni içerki problemalardan sowmaga synanyşjakdygy barada Orsýetde howsala bar.
XS
SM
MD
LG