Sepleriň elýeterliligi

Etniki uýgur topary günäkärlemeleri ret etdi


Etniki uýgur topary, özleriniň Al-Kaýda topary bilen hiç hili baglanşygynyň ýokdugyny mälim etdi.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän Bütindünýä Uýgur Kongresiniň ýolbaşçysy Rabiýa Kader, Hytaýyň Sinjaň welaýatynda ýaşaýan uýgurlara köpräk hak-hukuk gazandyrmak üçin alyp barýan aladasynda, özüniň dartgynlykdan peýdalanylmagyna garşy bolandygyny aýtdy.

Hytaý ýakynda Sinjaňda bolan dartgynlygyň aňyrsynda Kaderiň rolunyň bolandygyny we onuň bolsa terrorçylar tarapyndan goldanylýandygyny öňe sürüpdi. Kader Hytaýyň bu aýyplamalaryny ret etdi.

Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-niň kanun çykaryjylary, Pekinden Kadera garşy şeýle aýyplamalary ýaýratmagyny bes etmegini talap edýän bir rezolusiýany Kongrese hödürlediler.

62-ýaşly we Sinjaňyň öňki belli telekeçisi bolan Kader, 11 çaganyň ejesi bolup, ol alty ýyl Hytaýda türme tussaglygyny başdan geçirenden soň, häzir Amerikada ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG