Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bolgariýa we Gresiýa turba gurluşygy boýunça ylalaşdylar


Bolgariýa bilen Gresiýa Hazar deňziniň gazyny Ýewropa akdyrmagy maksat edinýän turbanyň gurulmagy barada ylalaşyga geldiler.

Bolgariýanyň döwlet eýeçiligindäki kompaniýasy, Gresiýanyň DEPA we Italiýanyň Edison SPA atly şirketleri bilen bu turbany gurmak üçin kompaniýa döretmek barada ylalaşdylar.

Ady agzalýan şirketler tarapyndan guruljak ikinji kompaniýa bolsa, şol turba arkaly import ediljek gazy satmak bilen meşgullanar.

IGB diýlip atlandyrylan bu kompaniýa, Bolgariýa 2012-nji ýyldan başlap her ýyl Azerbeýjandan 1 milliard kub metr gaz import etmäge mümkinçilik döreder.

Bu turbanyň Azeri gazyny Türkiýäniň üsti bilen Gresiýa, soňra Italiýa akdyrmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG