Sepleriň elýeterliligi

Amerikan harbylary Aşgabada ýerleşdimi?


Nezawisimaýa gazeta: Türkmenistan NATO döwletlerini Merkezi Aziýanyň üstünden Owganystan bilen göni baglaşdyrjak “Line Communication Transport” proýektine gatnaşýar.

Nezawisimaýa gazeta: Türkmenistan NATO döwletlerini Merkezi Aziýanyň üstünden Owganystan bilen göni baglaşdyrjak “Line Communication Transport” proýektine gatnaşýar.

Türkmenistanyň ykdysadyýet we energiýa boýunça köpugurly daşary gatnaşyklary ýokarlanýarka, tebigy baýlyklaryndan daşary geosyýasy taýdan hem uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurduň beýleki döwletler bilen syýasy we harby taýdan hem alyp barýan hyzmatdaşlygyna ünsler ýokarlandy.

Hususan-da Türkmenistanyň Günbatar döwletleri we NATO ýaly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyna ekspertler tarapyndan aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň NATO bilen gatnaşyklary “Parahatçylyk ugrundaky hyzmatdaşlyk” programmasynyň çäginde amala aşyrylýar.

Şu ýylyň başynda, Türkmenistan Owganystanda terrorçylyga garşy harby operasiýany amala aşyrýan Günbatar döwletleriniň harby bolmadyk ýükleriniň öz giňişliginden geçirilmegine rugsat berdi.

Soňky döwürde, Türkmenistanyň bu ugurdan hyzmatdaşlygyny has artdyrýanlygy baradaky maglumatlar metbugatda häli-şindi peýda bolýar. Ýakyn günlerde, ABŞ-niň harby uçarlarynyň ýangyç üpjünçiligi üçin öz howa meýdanlaryndan peýdalanmaga Türkmenistanyň rugsat berenligi barada hem maglumatlar çap edildi.

Esasy transport geçelgesi

Eursianet internet saýty öz maglumatynda, Türkmenistan asta-ýuwaş ABŞ-niň we NATO-nyň Owganystandaky goşunlarynyň harby bolmadyk ýük üpjünçiligi üçin esasy transport geçelgesine öwrülip barýar diýip ýazýar.

Uçarlary ýangyç bilen üpjün etmek maksady bilen az sanly amerikan güýçleriniň Aşgabatda ýerleşýändigini Pentagon tassyklady diýip Eurasianet neşiri ýazýar. Bu maglumata görä, ABŞ-niň transport uçarlarynyň Aşgabadyň howa meýdanynda gonmagyna we ýangyç üpjünçiliginiň üstüni ýetirmegine rugsat berýän ylalaşygy bar. Şeýle-de NATO Owganaystandaky goşunlary üçin guryýer koridoryny hem açmak isleýär diýip, şol internet saýty ýazýar.

Maglumata görä, ABŞ-niň Goranmak Departamentiniň metbugat wekili podpolkownik Mark Wraýt Eurasianet neşirine beren resmi jogabynda, “ABŞ-niň Howa Güýçleriniň kiçi topary bar, 7 awiatordan ybarat bolan bu topar amerikan uçarlarynyň Aşgabadyň howa meýdanynda ýangyç üpjünçiliginiň üstüniň ýetirilmegine ýardam berýär we bu Owganystanyň dikeldilmegi we durnuklaşdyrylmagy ugrundaky tagallaryň çäginde amala aşyrylýar” diýip aýdypdyr. Munuň köpçülige mälim maglumatdygyny hem belläp, ABŞ-niň Goranmak Departametiniň wekili sözüniň üstüni ýetiripdir.

ABŞ-niň transport uçarlarynyň ýangyç üpjünçiligi üçin öz howa meýdanyndan peýdalanmaga Türkmenistanyň rugsat berenligi barada Orsýet metbugatynda hem habarlar peýda boldy. “Nezawisimaýa gazeta” neşiri, ABŞ-niň Owganystana harby bolmadyk ýüklerini aşyrmagy üçin Turkmenistanyň öz giňişliginden peýdalanmaga rugsat bermek niýetini ýakyn günlerde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene tassyklandygyny belledi we 10-11-nji iýulda ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Uilýam Börnsyň Aşgabada saparynyň dowamynda, amerikan uçarlarynyň Aşgabadyň howa meýdanynda gonmagyna we ýangyç üpjünçiliginiň üstiniň ýetirilmegine türkmen prezidentiniň rugsat berenligini ýazdy.

ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Uilýam Börnsyň Türkmenistana sapary bilen baglylykda türkmen metbugatynda çap bolan maglumatlarda, ABŞ-niň Turkmenistan bilen berk hyzmatdaşlyk aragatnaşygyna gyzyklanma bildirýändigi we deňlik hem özara bähbitlilik esasyndaky gatnaşyklara taýýardygy aýdyldy.

“Garaşylmadyk waka däl”

Londonda ýerleşýän Uruş we Pahataçylyk Maglumatlary institutyndan Jon MakLoud, ABŞ-niň Owganystandaky goşunynyň üpjünçiligine degişli meseleler bilen baglylykda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek ädimlerine, Waşingtonyň bu ugurdan Merkezi Aziýa döwletleri bilen alyp barýan gepleşikleriniň dowamy hökmünde garaýar. “Türkmenistan we Özbegistan ikisi-de NATO-nyň Owganystandaky çäreleri üçin harby bolmadyk ýüklerini öz üstünden geçirmäge rugsat bermek ylalaşygyna gelendiklerini yglan edipdi. Şonuň üçin bu garaşylmadyk waka bolmasa gerek” diýip Jon MakLoud aýtdy.

Türkmenistan Owganystana tarap ABŞ-niň we NATO-nyň harby bolmadyk ýükleriniň öz giňişliginden geçirilmegine rugsat berjekdigini şu ýylyň fewral aýynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşkende saparynyň dowamynda yglan edipdi.

Orsýetiň “Nezawisimaýa gazeta” neşiri, Owganystana barýan ýükleriň Orsýetiň daşyndan geçmegine hem Türkmenistanyň ýol açýanlygyna ünsi çekýär. Maglumata görä, Türkmenistan NATO döwletlerini Merkezi Aziýanyň üstünden Owganystan bilen göni baglaşdyrjak “Line Communication Transport” proýektine gatnaşýar. Bu proýekt ABŞ tarapyndan hem maliýeleşdirilýär.

“Strategiki däl-de taktiki maksatlar”

Moskwadaky GDA institutynyň Merkezi Aziýa boýunça analitigi Andreý Grozin Türkmenistanyň ABŞ bilen gepleşikler prosessini aktiwleşdirip, harby-syýasy meseleleri hem maslahat edip başlamagyny syýasy sebäpler bilen baglaşdyrýar. “Şeýle ädimler arkaly Türkmenistanyň Günbatar bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek ýa-da harby-syýasy taýdan gatnaşyklaryny ösdürmek ýaly strategiki maksatlary yzarlaman, diňe taktiki maksatlaryny göz öňünde tutýanlygyny çak etmek mümkin” diýip Grozin belleýär.

Orsýetli analitigiň pikirine görä, Türkmenistan Orsýete basyş etmek we onuň gaz meselesinde has eglişikli bolmagyny gazanmak isleýän bolmagy ähtimal. “ABŞ bilen çäkli derejede gatnaşyklary artdyrmaklyk Türkmenistana maliýe, tehnologiki we syýasy goldawa eýe bolmak mümkinçiligini hem döredýär. Şonuň üçin Türkmenistanyň häzir Günbatar bilen goranmak we syýsy taýdan hyzmatdaşlyga taýýardygy barada aýtmak ir.”

GDA institutynyň analitigi Groziniň pikirine görä, Owganystanda terrorçylyga garşy göreş alyp barýan halkara güýçler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, Merkezi Aziýa döwletlerine maliýe girdeýjisi hem-de ýurtlaryň içerki infrastrukturasyny kämilleşdirmek, şeýle hem regionda täsirini güýçlendirmäge çalyşýan Orsýet we Hytaý ýaly iri döwletler bilen gepleşiklerde daşary syýasy mümkinçiliklerini artdyrmagy taýdan bähbitli bolup durýar.
XS
SM
MD
LG