Sepleriň elýeterliligi

Palestinada Al-Jazeera habarçylarynyň işlemegi gadagan


Palestinanyň ýolbaşçylary, özleriniň höküm edýän territoriýasynda Al-Jazeera telekanalynyň habarçylarynyň iş alyp barmagyny gadagan edip, ady agzalýan telekanalyň, prezident Mahmud Abbas bilen bagly efirde görkezen habary boýunça kanuny çäräniň görüljekdigini aýdyp haýbat atdy.

Palestinanyň informasiýa ministrligi, düýbi Katarda ýerleşýän bu telekanalyň, Iordan Derýasynyň Günbatar kenaryny dolandyrýan ýolbaşçylara garşy galp maglumatlar ýayradyp halky olara garşy öjükdürmäge synanyşýandygny aýtdy.

Şol ministrlik, Al-Jazeera telekanalynyňi Abbasyň ýolbaşçylyk edýän Partiýasynyň ýokary derejeli agzasy Faruk Al-Kadouma salgylanylyp ýaýradan habarynyň ýalňyşdygyny hem mälim etdi.

Kaduma salgylanylyp efirde görkezilen şol habarda, Palestinanyň öňki ýolbaşçysy Ýaser Arafatyň 2003-nji ýylda öldürülmeginde, Abbasyň Ysraýyl bilen dil-düwşük edenligi aýdylýar.

Arafat 2004-nji ýylda Parižda ýerleşýän keselhanada, sebäbi halk köpçüligine aýan edilmedik näsaglyk zerarly aradan çykypdy.
XS
SM
MD
LG