Sepleriň elýeterliligi

Klinton Eýrana 'gepleşikler teklibiniň' hemişe edilmejekdigini duýdurdy


ABŞ-niň Döwlet sekretary Hillari Klinton Daşary Gatnaşyklar Boýunça Geňeşiň öňünde çykyş edýär, Waşington, 15-nji iýul, 2009 ý.

ABŞ-niň Döwlet sekretary Hillari Klinton Daşary Gatnaşyklar Boýunça Geňeşiň öňünde çykyş edýär, Waşington, 15-nji iýul, 2009 ý.

ABŞ-niň prezidenti Obamanyň daşary syýasatyndan we planlaryndan ybarat bolan çykyşynda, baş diplomat Hillari Klinton ABŞ-niň diplomatiki gatnaşyklaryny giňeltmek baradaky teklipleriniň jogapsyz galmagynyň uzaga çekip bilmejekdigini duýdurdy we Eýran hökümetini herekete geçmäge çagyrdy.

Şol çykyşynda ABŞ-niň Döwlet sekretary Klinton Eýran bilen diplomatiki gepleşikleriniň netije berjekdigine Barak Obamanyň umyt baglaýandygyny belledi.

15-nji iýulda Waşingtonda Daşary Gatnaşyklar Boýunça Geňeşiň öňünde eden çykyşynda, Klinton Eýranda dawlay geçen prezidentlik saýlawlarynyň yzýany hökümetiň protesçilere görkezen basyşlarynyň Waşingtonda nägilelik döredenligini hem belledi. “Biz Eýrandaky saýlawlaryň geçirilşine gyzyklanma bilen syn etdik. Emma Eýran hökümetiniň halkyň pikirlerini mälim eden çykyşlara garşy güýç görkezmegi, raýatlary we daşary ýurtly žurnalistleri tussag etmek, olaryň tehnologik serişdelere elýeterliligini çäklendirmek ýaly ädimleri aladalanma döretdi.”

ABŞ we onuň “Uly Sekizlik” boýunça hyzmatdaşlary şeýle herektleri ýol berilmesiz diýip hasap edýändiklerini mälim edipdiler.

Hillari Klinton Eýranyň liderlerine gepleşiklere başlamak baradaky ABŞ-niň teklibini ýene gaýtlady, emma ol ýurduň ýadro programmalary meselesinde, terrorçylygy goldamakdan el çekmek we adam hukuklaryna hormat goýmak ugurlarynda öňegidişlik gazanmagynyň zerurdygyny hem nygtady.

Sentýabra çenli möhlet

ABŞ-niň Eýran babatdaky syýasatynda üýtgeşikligiň emele gelmegine garamazdan, ýurduň diplomatiki yşarataryna Eýran resmileri tarapyndan entek hiç-hili reaksiýa berilmedi. Eýran parahatçylykly maksatlary bilen delillendirýän ýadro programmasy meselesinde ozalky pozisiýasynda durmagyny dowam etdirýär.

Öz nobatynda halkara jemgyýetçiligi Eýranyň ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlaryna şübheli garaýar. Hillari Klinton Eýranyň ýadro taýdan harby mümkinçiliklerini ösdürmek synanyşyklarynyň öňüni almak ugrunda ABŞ-niň aýgytly hereket etmekçidigini ýene tassyklady. Emma ol ýurduň ýadro energiýasyna eýe bolmagy üçin, Eýran hökümetiniň ýadro programmasyny diňe parahatçylykly maksatlar üçin ulanjakdygyny halkara jemgyýetçiligine subut etmeli diýip belledi.

G-8 liderleri geçen hepdede Italiýanyň Lakwil şäherinde geçiren duşuşyklarynda Eýranyň ýadro programmasy boýunça ABŞ we onuň hyzmatdaşlary bilen gepleşiklere razyçylyk bermegi üçin wagt berdiler we ony BMG-niň Baş Assambleýasynyň sentýabr aýynda boljak duşuşygyna bellediler.

Ýakynda Eýranyň Daşary işler ministri Manuçer Mottaki Tähranyň syýasy, howpsuzyk we halkara meseleler boýunça Günbatara teklipler toplumyny taýýarlanlygyny aýtdy. Emma ol anyk maglumatlary bermedi.

15-nji iýuldaky çykyşynyň dowamynda Hillari Klinton Ak Tamyň daşary syýasy maksatlary barada sözläp, onuň “parasatly güýç” arkaly, ýagny bilelikde goranmak, diplomatiýa we ösüş ýollary arkaly amala aşyryljakdygyny aýtdy.

Bu syýasatyň durmuşa geçirlip başlanmagyny, Talyplar hereketini goldaýan owgan raýatlaryna Klintonyň eden ýüzlenmesinden görmek mümkin. ABŞ-niň Döwlet sekretary “Talyplaryň we Al-Kaýdanyň tarapynda söweşýän adamlaryň ýaragdan el çekip, owgan konstitusiýasynda kepillendirilen açyk jemgyýete agza bolmak ymtylmalaryny goldamaga” ABŞ-niň we owganystanly ýaranlarynyň taýýardygyny bildirdi.
XS
SM
MD
LG