Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we Azerbeýjan Hazary maslahatlaşýar


Düýn Azerbeýjanyň paýtagty Bakuwda öz işine başlan Hazar deňzi boýunça nobatdaky türkmen-azerbeýjan gepleşikleri şu gün hem dowam etdirildi. 17-nji iýulda tamamlanmaly bu maslahata Türkmenistanyň we Azerbeýjanyň Daşary işler ministrlerleriniň orunbasarlarynyň ýolbaşçylygyndaky ekspertler toparlary gatnaşýar diýlip maglumat berilýar.

Ýurduň Daşary işler ministrligine salgylanyp, türkmenistan.ru internet gazetinde berilýan maglumatda bu gepleşiklerde Hazar deňziniň düýbiniň we baýlyklarynyň kesgitlenmegi meselesine garalýar.

Bu meselede Türkmenistan, adalatlyk prinsipinden ugur alyp, halkara kanunlara esaslanyp ylalaşyga gelmek pozisiýasyny eýeleýär diýlip maglumatda bellenýär.

Şeýle hem Hazar deňzinde gämiçilik, balykçylyk we beýleki işler bilen meşgullanmak meselesine 2 tarapyň hem çemeleşişi hakda pikir alyşylýandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG