Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda maýa goýum proýektlerine gözegçilik ediler


Türkmenistanyň prezidentiniň karary bilen, Türkmenistanyň territoriýasynda amala aşyrylýan iri maýa goýum proýektlerine has berk gözegçilik ediler diýen maglumaty türkmenistan.ru internet gazeti ýaýratdy.

14-nji iýulda gol çekilen karara laýyklykda, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we Ösuş Ministrligine, eýeçiligiň görnüşine garamazdan önümçilige degişli bolan hem bolmadyk gurluşyklaryň sanawyny düzüp, olaryň hasabyna gözegçilik etmek tabşyrylýar.

Bu karara görä, bahasy 10 million manatdan ýokary bolan hemme gurluşyklar baradaky maglumatlar, aýda bir gezek Türkmenistanyň Ykdysadyýet we Ösuş Ministrligine tabşyrylmaly edilipdir.

Türkmenistanyň Ykdysadyyýet we Ösüş Ministrligi bolsa öz nobatynda bu maglumatlary Ministerler Kabinetine tabşyrar diýlip maglumatda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG