Sepleriň elýeterliligi

Bakuwda Hazar deňzi boýunça türkmen-azeri gepleşikleri geçirilýär


Türkmenistanyň NABUCCO proýektine goşulýandygyny yglan etmegi, indi bolsa Azerbeýjana delegasiýa ugratmagy, Nyýazowyň guran demir perdesinden çykmak ugrundaky hereket diýip professor Timur Hoja atlandyrdydy.

Türkmenistanyň NABUCCO proýektine goşulýandygyny yglan etmegi, indi bolsa Azerbeýjana delegasiýa ugratmagy, Nyýazowyň guran demir perdesinden çykmak ugrundaky hereket diýip professor Timur Hoja atlandyrdydy.

TDH gullugynyň çap eden maglumatyna görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen 15-nji iýulda Azerbeýjanyň paýtagty Bakuwa türkmen delegasiýasy geldi.

Şol ýerde Hazar deňziniň meseleleri boýunça türkmen-äzeri gepleşikleri başlandy. Ekspertler toparyna iki ýurduň DIM-leriniň orunbasarlarynyň baştutanlyk edýändigi, gepleşikleriň 17-nji iýulda tamamlanjakdygy habar berildi.

Bu gepleşikleriň häzirki wagtda geçirilmegine nähili zerurlyklar hem-de iki ýurt arasyndaky gatnaşyklarda çözülmegine garaşýan nähili problemalar bar?

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň beren habaryna görä, Bakuwda başlanan gepleşikler Hazar deňziniň düýbüniň we baýlyklarynyň çäklerini kesgitlemek boýunça Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň arasyndaky gepleşikler prosessiniň nobatdaky tapgyrydyr.

Bu saparky täze gepleşiklerde gozgalan mesele, şol sanda gämi gatnawy, balyk tutmak, gidrometeriologiýa we ş.m. meseleler boýunça pikir alyşmak planlaşdyrylypdyr.

Öň nähili problemalar bardy?

Hazar deňziniň ortasyndaky Azeri-Çyrag-Güneşli nebit ýataklary bilen bagly Türkmenistan - Azerbeýjan arasynda çözülmedik dawalar bar. Şol ýataklaryň kime degişliligi meselesinde iki tarapyň biri-birinden düýpli tapawutlanýan pozisiýasy bolup, Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow şol meseläniň çözgüdi ugrunda alada etmedi. Hat-da Hazardan ganyň ysynyň gelýändigini aýdyp, 2003-nji ýylyň awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirlen Halk Maslahatyndan soň Hazaryň kenarynda harby manýowrlar geçiripdi.

Şol dartgynlylyk türkmen gazyny baryp 1999-njy ýylyň ahyrynda türk ojaklaryna ýetirmeli Transhazar turbasynyň çekilmegini-de böwetledi. Saparmyrat Nyýazow ölmezinden iki ýarym aý öň, 2006-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda eden çykyşynda, Transhazar meselesine seretmäge dolanmaga taýýar däldigini, deňziň statusynyň kesgitlenmändigini, çözülmeli syýasy meseleleriň köpdügini aýdypdy.

Mälim bolşy ýaly, Eýran durumy kesgitlemek meselesinde deňzi deň 5 bölege bölüp, kenarýaka ýurtlaryň hersine 20%-den bermeli diýen şerti goýup gelýär. Nyýazow Eýranyň pozisiýasyna ýakyn durupdy. Emma Orsýet, Gazagystan we Azerbeýjan bu bölünişikden netije çykmajygyna göz ýetirip, öz aralarynda denziň suw asty baýlyklaryny özleşdirmekde öz deňiz çäklerini ikitaraplaýyn ylalaşypdylar. Şol ýerleri tehniki hem senagat taýadan özleşdirmek işlerini dowam etdirýärler.

Stambulyň Goç Uniwersitetiniň Merkezi Aziýa bölüminiň ýolbaşçysy professor Timur Hojanyň pikiriçe, belli bir netijä gelinmezliginde diňe bir Saparmyrat Nyýazow däl, beýleki liderleriň hem günäsi bar.

Demir perdeden çykyş

Prezident Berdimuhamedowyň ýurduň Daşary işler ministri Raşid Meredowy Waşingtona ugratmagy, onuň yz ýany Amerikan delegasiýasynyň Türkmenistana gelmegi, NABUCCO proýektine Türkmenistanyň goşulýandygyny yglan etmegi, indi bolsa Azerbeýjana delegasiýa ugratmagy – bularyň ählisini täze türkmen häkimiýetleriniň Günbatar ugry bilen ýakynlaşmagy, mundan başga-da, öňki prezidentiň guran demir perdesinden çykmak ugrundaky hereket diýip professor Timur Hoja atlandyrdydy hem-de bu ugurda haýalyrak hem bolsa özgerişleriň bardygyny aýtdy.

Azerbeýjanyň “Caspian barrel'” nebit barlaglary merkeziniň direktory Ilham Şaban, Azatlyk radiosyna beren interwýusynda şu wagta çenli türkmen hem Azerbeýjan delegasiýalarynyň diňe Hazarýaka bäş döwletiň ekspertler toparynyň düzüminde duşuşandygyny, şu nukdaý nazardan Hazaryň statusy boýunça iki tarapyň duşuşygynyň möhüm faktordygyny belledi.

Stambulyň Goç uniwersitetiniň professory Timur Hoja, Türkmenistan öz gazyny serhetde satmak prinsipinde galýan hem bolsa, şol gazyň daşary bazara akmak ýolunda öz zerurlygyny, öz tarapyndan aýgytly ädimler ätmegiň gerekdigini duýýar. Bu ýerde diňe bir çig mal söwdasy däl, onuň anyrsynda sosial, syýasy we medeni gatnaşyklaryň geljegine tarap ýol ýatyr diýip professor aýtdy.

Gepleşiklerinden nämä garaşyp bolar?

Professor Timur Hoja NABUCCO proýektinden peýdalanjak ýurtlaryň şertnama gol goýandygyny, emma işiň heniz tamamlanmandygyny, oňa turbany gaz bilen üpjün etjek ýurtlaryň gatnaşmandygyny, Azerbeýjandan başga Türkmenistan bilen Gazagystan hem gatnaşsa, diňe şonda NABUCCO proýektiniň amala aşjakdygyny belledi. Şeýle hem, Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň arasynda Hazaryň statusy boýunça belli bir ylalaşyga gelinse, regionyň gazyny Ýewropa akdyrmakda ol möhüm ähmiýete eýe bolar diýen pikiri öňe sürdi.

Azerbeýjanly ekspert Ylham Şaban şu ýylyň ahyrynda Hazarýaka 5 döwletiň liderleriniň Bakuwda Hazaryň statusy boýunça ýokary derejeli sammitiniň geçiriljekdigini, eger goňşy döwletler şoňa çenli umumy dil tapyşsa, onuň 2009-njy ýylyň wakasy boljakdygyny aýtdy.

Ekspertiň sözlerine görä, häzirki azeri-türkmen gepleşiklerine, şol sammite we onda gelinjek netijelere taýýarlyk hökmünde baha bermek mümkin.

Türkmen-äzeri gepleşikleri dowam edýär.
XS
SM
MD
LG