Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýanyň prezidenti: Moldowa protestleri 1989-y ýatladýar


16-njy iýulda Rumyniýanyň prezidenti Traian Basesku Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna gelip eden çykyşynda, aprel aýynda Kişinewde bolan protestleriň, Moldowanyň ýaşlarynyň hakyky syýasy özgerşiklere mätäçdigini görkezdi diýip aýtdy.

Radiomyza beren interwýusynda, prezident Basesku şol protestleriň gurnalmagyna Rumyniýanyň hiç hili dahylnyň bolmandygyny belledi.

“Biz şeýle aýyplamalary ret edýaris. Ýöne şeýle wakalary biziň özümiziň başdan geçirendigimizi aýdyp bilerin. Moldowada ýüze çykan waka meňzeş ýagdaý bizde 1989-njy ýylda kommunistleriň beýleki lideri Nikolaý Çauşeskunyň döwründe boldy. Şonda ol öz halkyna, ýaş nesile düşünmedi. Belki jenap Woronin 1989-njy ýylyň dekabr aýynda bolan wakalaryň wideo ýazgysyny görip netije çykarar” diýip Rumyniýanyň prezidenti Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna gelip eden çykyşynda aýtdy.
XS
SM
MD
LG