Sepleriň elýeterliligi

Bakiýew: Orsýet ikinji baza açmaz


Gyrgyzystanyň prezidenti Kurmanbek Bakiýew bu ýurtda döredilen täze merkeziň terrora garşy göreş boýunça ortaklaşyp gurulan bir bazadygyny aýdyp, Orsýete bu ýurtda täze harby baza açmaga rugsat ediler diýlen raportlary ret etdi.

Hökümet çeşmeleri tarapyndan geçen hepde ýayradylan maglumatda, Orsýetiň Gyrgyzystanda öz ikinji harby bazasyny Oş welaýatynda gurjakdygy we munyň kollektiwleýin howpsuzklyk şertnamasy guramasynyň çäginde iş alyp barjakdygy aýdylypdy.

Ady agzalýan gurama, Orsýet we öňki Sowet Soýuzynyň alty agzasyny öz içine alýän howpsuzlyk toparydyr. Moskwa oňa, NATO guramasyny deňagramlaşdyrmaga gönükdirilen alternatiw bir topar hökmünde garaýar.

XS
SM
MD
LG