Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň prezidenti Germaniýanyň kansleri bilen duşuşdy


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, düýn Mýunhende geçiren duşuşygynda, halkara ykdysady krizisiň öňini almak meselesinde görülmeli çäreler hakda gürrüň etdiler.

Ady agzalýan liderler, Germaniýa we Ýewropadan Orsýete edilýän eksporta kepil geçmek plany boyunça, 706 million dollarlyk plany yglan etdiler.

Olar aýratyn hem Orsýetden Germaniýa gaz akdyrjak taze turba proýekti hakda hem pikir alyşdylar.

2011-nji ýylda gurluşygynyň tamamlanmagyna garaşylýan we Baltika deňziniň astyndan geçmeli bu turba, Merkeliň pikirine görä gaty stratigiki ähmiýete eýe we gaýragoýulmasyz proýektdir.
XS
SM
MD
LG