Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus-gürjü çaknyşygy gün tertibinden aýryldymy?


15-nji iýulda, Gürjüstanyň Batumi şaherinde, Gürjüstanyň harby güýçleriniň ABŞ bilen bilelikdäki harby-deňiz türgenleşigi başlandy.
15-nji iýulda, Gürjüstanyň Batumi şaherinde, Gürjüstanyň harby güýçleriniň ABŞ bilen bilelikdäki harby-deňiz türgenleşigi başlandy.

15-nji iýulda, Gürjüstanyň bölünip aýrylan Abhaziýa regionyna ýakyn bolan Gürjüstanyň Batumi şaherinde, Gara deňziň kenarynda Gürjüstanyň harby güýçleriniň ABŞ bilen bilelikdäki harby-deňiz türgenleşigi başlandy.

13-nji iýulda Russiýanyň prezidenti Dmitriý Medwedew garaşylmadyk ýagdaýda duýdansyz Gürjüstandan meýletin bölünip öz garaşsyzlygyny yglan eden Güntorta Osetiýa-da sapar etdi. Ol ýerde prezident Medwedewi gahrymanlarça kabul etdiler.

Gürjüstandan bölünen we ujypsyz territoriýada ýerleşýän Günorta Osetiýa, geçen ýylky çaknyşykdan soňra, Orsýet ummasyz maliýe we harby kömegini berip gelýär.

Günorta Osetiýadan soň prezident Medwedew Soçi şäherine baryp, rus suwasty gamisinden amala aşyrlan balistik raketasynyň synagynyň üstünlikli geçendigini mälim etdi.

Rus deňizçileri bilen geçiren duşuşygynda, prezident Medwedew geçen ýylky çaknyşyk üçin Tbilisiniň doly jogapkärdigini aýdyp, geljekde Saakaşwilliniň režiminiň şol etmişleri üçin gürjü halky tarapyndan ýazgaryljakdygyny aýtdy.

Bir tarapdan soňky wakalar, geçen ýylky bolan çaknyşygyň gaýtalanjakdygyna şaýatlyk edýäne meňzeýär. Russiýanyň köp synçylary hem geçen tomusky hüjümiň gaýtalanjakdygyny çaklaýarlar.

Emma Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili, 9-njy iýulda ýurduň Milli Howupsyzlyk Geňeşi bilen geçiren duşuşygynda, Russiýa tarapyndan abanýan howpuň azalandygyny mälim etdi.

Gürjü resmileri, täze geosiýasy ýagdaý barada prezident Obamanyň Russiýa eden saparyndan soň gürrüň edip başladylar. Geljek hepde-de bolsa, ABŞ-niň wise-prezidenti Joý Baýdeniň Russiýa sapar etmegine garaşylýar.

ABŞ duýduryş berdimi?

ABŞ-niň prezidenti Barak Obama, Russiýa eden saparynyň barşynda Gürjüstanyň territoriýal bitewligi barada köp aýtmadyk bolsa-da, ýapyk gapylaryň aňyrsynda Obamamyň Medwedewi Gürjüstana garşy hereketlerden saklanmagy berk tabşyrandygyny Gürjistanyň resmileri radiomyza mälim etdiler.

Atlarynyň agzalmagyny islemedik gürjü resmileri, Russiýa geçen ýylky ýaly Gürjüstana hüjüm eden halatynda, ABŞ geçen ýylkydan tapawutlylykda muňa daşyndan syn edip durmajakdygyny prezident Obamanyň aýdandygy barada maglumat berdiler.

Bu mesele bilen baglanşykly, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy, bu aýdylanlary tassyklamagyny ýa-da ret etmegini sorap Ak Tama ýuzlendi. Emma ol ýerden jogap alyp bilmedi.

Halkara krizis toparynyň Tbilisidäki edarasynyň ýolbaşçysy Lourens Şits, “Obamanyň Russiýa saparynyň dowamynda bir zatlaryň aýdylandygy şübhesiz, sebäbi şol sapardan soň gürjü resmilerinde üstümizdäki tomusda urşuň bolmajakdygyna berk ynam peýda boldy” diýip belledi.

“Nowaýa gazeta” neşiriniň harby analitigi Pawel Felgenhauer hem Obamanyň Moskwany howply ädimleri ätmekden saklanmaga çagyran bolmagynyň mümkindigini aýdýar. Ýöne ol Obamanyň sözleriniň Russiýa nä derejede täsir edendigini bilmeýändigini belleýär.

Şeýle-de, harby analitik Felgenhauer ruslaryň “Kawkaz 2009” atly geçirlen türgenleşigi tamamlanandan soň, goşunyň hüjüme taýýardygy barada aýdylandygyny bize gürrüň berdi. Mundan başga harby analitik, Kawkazyň tebigy şertlerini göz öňüne tutup, tomus paslynyň urşuň başlamagyna iň amatly döwürdigini aýtdy.

Emma uruş bolsa-da, bolmasa-da, Obamanyň Moskwa sapary, Medwedewi Günorta Osetiýa barmagyndan saklap bilmedi. Shinwalide Günorta Osetiýanyň lideri Eduard Kokoýta bilen duşuşyp, žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Medwedew mundan beýläk hem “täze döwleti” gurmaga ýardam berjekdigini aýtdy.

Amerikan-gürjü türgenleşigine gatnaşmak maksady bilen Batumä baran amerikanlylary, hepdäniň Sişenbe guni şerap hem aýdym saz bilen garşyladylar.

Bu türgenleşik, Abhaziýanyň golaýynda ýerleşýän, Batumi bilen Poti portlarynyň arasyndaky Gürjüstanyň territorial suwlarynda geçirilýär.
XS
SM
MD
LG