Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň bilim pudagyny Ýewropa äheňinde dikeldiş we zerurlyklar


Synçylar Turkmenistan bilen soňky döwürde aktiwleşen aragatnaşyklarynda Ýewropanyň bilim ugrundan hyzmatdaşlygyna uly üns berýändigini aýdýarlar.

Synçylar Turkmenistan bilen soňky döwürde aktiwleşen aragatnaşyklarynda Ýewropanyň bilim ugrundan hyzmatdaşlygyna uly üns berýändigini aýdýarlar.

Türkmenistan bilim ugrundan daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegini dowam etdirýär. Bu pudakda başga nähili işler zerur?

Ýurtda amala aşyrylýan halkara programmalaryň çäginde ýakyn günlerde Aşgabatda geçirilen çäreleriň arasynda hususan-da Türkmenistanyň orta we ýokary mekdepleriniň mugallymlary üçin Fransiýanyň we Germaniýanyň ilçihanalarynyň guramaçylygynda dil seminarlary geçirildi.

Soňky döwürde bilim we ylym pudagyny ösdürmek maksadyny yglan edýän türkmen hökümeti bu ugurdan halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtaýar. Ýurtda alynyp barylýan çäreler ýurduň bilim ugrundaky ösüşine nähili täsir ýetirýär?

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine görä, “Türkmenistanyň diňe öz içerki tagallary bilen bilim we ylym ugurlaryny döwrüň derejesine ýetirmek mümkin däl, şonuň üçin dünýäniň görnükli ylmy we bilim merkezleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýurduň bilim syýasatynyň iň möhüm tarapy bolup durýar”, diýip Türkmenistan Altyn Asyr Internet saýtynda döwlet baştutanynyň sözünden sitata getirilýär.

Degişli çäreleriň geçirilýändigi aýdylýar

Maglumatda ýakynda Aşgabatda Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we Türkmenistanyň bilim ministrliginiň bilelkdäki guramaçylygynda ýurduň orta we ýokary mekdepleriniň mugallymlary üçin geçirilen iki hepdelik seminaryň dowamynda diňleýjileriň fransuz dilini okatmagyň umumy usullarynyň we tejribeleriniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen ýörite okadyş kursuny geçendikleri aýdylýar.

Habar berilişine görä, seminara gatnaşanlaryň professional taýdan biliminiň baýlaşmagy we türkmen hem fransuz hünärmenleriniň gatanaşmagyndaky şeýle çäreleriň ýylda geçirilmegi barada karar gelinmegi, şol çäräniň netijesi bolupdyr. Seminar Türkmenistanyň Daşary gatnaşyklar institutynda fransuz dilini okadýan Flirian Liner we Fransiýanyň Ilçihanasynyň ýanyndaky Fransiýanyň medeni merkeziniň baş secretary Noemi Larruý tarapyndan geçirildi.

Ýakynda Aşgabatda Türkmeistanyň nemes dili mugallymlary üçin hem seminar geçirildi. Türkmenistn Altyn Asyr internet saýtynyň ýazmagyna görä, Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we ýurduň milli bilim institutynyň guramaçylygynda geçirilen seminar Mýunheniň Gete institutynyň we Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň goldamagyndaky “Mekdepler: Geljegiň hyzmatdaşlary” atly programmanyň çäginde geçirildi.

Bu proýektiň maksady azyndan bir müň hyzmatdaş mekdepleri birleşdirýän halkara bileleşigini döretmekden we dünýä ýaşlarynyň şu günki Germaniýa we onuň halkynyň durmuşyna gyzyklanmalary artdyrmakdan ybarat. Proýekt hyzmatdaş mekdeplerine nemes dilini öwrenmekde ýadam bermegi, şol sanda döwrüň ösen tehniki okuw serişdeleri bilen üpjün etmegi, şeýle-de bilim derejesini ýokarlandyrmak boýunça kurslary guramagy göz öüňünde tutýar.

Germaniýa bilen hyzmatdaşlygyň çäginde şu ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, DAAD ýagny Germaniýanyň okuw alyş-çalyş programmasy boýunça Turkmensitnyň Azady adyndaky daşary ýurt diller institutynyň studentleri Germaniýada guralan tomusky dil kurslarynda okap başlarlar. Güýzde bolsa Türkmenistanyň welaýat mekdepleriniň dil mugallymlary hünärini ýokarlandyrmak üçin Germaniýa bararlar diýip, Türkmenistan Altyn Asyr internet saýtynyň maglumatynda aýdyldy. Şeýle hem şol maglumatda Türkmenistanyň dürli döwlet edaralaryndan bolan hünärmenler toparynyň ýakynda ABŞ-niň Kaliforniýa politehniki institutyna sapar edenligi hem habar berildi.

Synçylaryň nazarynda zerurlyklar

Öz nobatynda daşary ýurtly synçylar, Turkmenistan bilen soňky döwürde aktiwleşen aragatnaşyklarynda Günbatar döwletleriniň bilim ugrundan hyzmatdaşlygyna uly üns berýändigini aýdýarlar. ABŞ-niň Daşary Syýasaty Boýunça Milli Komitetinden Piter Sinnot bilim ugrundaky gatnaşyklaryň Türkmenistanyň halkyny halkara durmuşa gatnaşdyrmak üçin hem uly ähmiýetiniň barygyny belledi. “Meniň pikrimçe biz bilim boýunça gatnaşyklary hasda giňeltmegiň ýollaryny gözlemeli. Türkmen studentleriniň ABŞ-da okamagy boýunça şeýle-de beýleki derejelerdäki gatnaşyklary giňeltmeli” diýip Piter Sinnot aýtdy.

Bilim meselesine Türkmenistanyň ministler kabinetiniň 10-njy iýuldaky maslahatynda hem garaldy. Gurbanguly Berdimuhamedow hususan-da ýurduň ýokary okuw jaýlaryna kabul etmek çäresiniň “örän ýokary derejede, aç-açan, hiç bir päsgelçiliksiz we bidüzgünçilige ýol berilmezden geçirilmegini” talap etdi.

Türkmenistanda bilim we ylym pudagyny ösdürmek üçin edilýän meýilnamalar bilen çäklenmän, düýpli çärelere geçmek zerur diýlen pikirler hem öňe sürülýär. Sosiolog Farhat Ilýasowyň pikirine görä, Türkmenistanyň uzak ýyllaryň dowamynda dargadylan “intellektual sferasyny” dikeltmek işi düýpli çäreleriň görülmegini talap edýär. Bu ugurdan orta we ýokary mekdepleriň berýän bilim derejesini galdyrmaly, alyş-çalyş programmalaryň möçberini artdyrmaly we kadrlar meselesini çözmeli, diýip alym hasap edýär.

Sosiolog Ilýasowyň pikirine görä, ýurtda umumy, orta we ýokary bilimi ösdürmek we alymlaryň hem mugallymlaryň kwalifikasiýasyny ýokarlandyrmak boýunça global we köptaraplaýyn programmany işläp düzmegiň uguryna çykmaly. “Bu uzakmöhletleýin düýpli programma bolup, hökümet, ylymlar akademiýasy, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary tarapyndan işlenip, setirme-setir düzümeli, onuň üçin bütjetde maliýe serişdeler göz öňünde tutulmaly.”

Onuň pikirine görä, bu prosese daşary ýurtly ekspertler hem gatnaşdyrylmaly. “Emma ýurtda şeýle programmany işläp düzmek barada dil ýarylmaýarka, edilýän beýannamalar bilen ýagdaý üýtgemeýär” diýip, Farhat Ilýasow aýtdy.
XS
SM
MD
LG