Sepleriň elýeterliligi

Türkmen deputatlary Ýewropada boldular


Türkmen deputatlary Sloweniýanyň Milli Assambleýasynda, 7-nji iýul, 2009 ý.

Türkmen deputatlary Sloweniýanyň Milli Assambleýasynda, 7-nji iýul, 2009 ý.

Türkmen parlamentiniň deputatlary bäş günläp tanyşlyk sapary bilen Türkmenistandan juda tapawutly ýurtlarda- Sloweniýada we Awstriýada - boldular.

Prinsipde, belki, Sloweniýanyň hem, Awstriýanyň hem adamlary türkmenistanlylardan onçakly tapawutlanýan däldirler. Olaram Aşgabadyň hem Marynyň ýaşaýjylary yaly…

Şol ýurtlaryň ählisinde-de pomidor iýilýär, Awstriýada gawuny Türkmenistan bilen deňeşdirilende azyrak iýýärler. Olary biri-birinden tapawutlandyrýan zat name? Ol ýakyn taryh.

Sloweniýalylara, awstriýalylara Saparmyrat Nyýazow ýaly hökümdarsyz ýaşamak bagty miýesser etdi. Nyýazowçylygyň nämedigini olaryň diňe Gitleri ýatlamak bilen göz öňüne getirip bilmekleri mümkin. Awstriýada şol zamandan soň, Sloweniýada birazajyk gijiräk repressiw režimden ymykly dynyp, demokratiki gurluşlary üstünlikli ösdürýärler.

Iki ýurtda bäş gün bolan türkmen parlament wekilleri bu ýagdaýa göz ýetiren bolsalar gerek. Şol sapary tejribe alyşmak programmasy boýunça ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi gurnady. Merkeziň baştutany Arsim Zekolli bu programmanyň demokratiýalaşdrymak we kanunyň ýokarda durmagy boýunça ÝHHG-niň borçlaryny ýerine ýetirmekde uly ähmiýetiniň bardygyny belleýär.

Köp synçylaryň pikiriçe, türkmen häkimiýetleriniň hukuk reformasyna başlamaga we geçirmäge synanyşygyna mümkin boldugyndan ÝHHG-niň öz goşandyny goşmak isleýändigini belleýärler.

Iň esasy zat türkmen parlament wekilleriniň öwrenen, alan tejribeleri, býurokratalryň nobatdaky hasaba almasy bilen tamamlanmasa ýagşy. Bu sapara gatnaşyjylar demokratik jemgýyetde adam hukuklary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň roly hem ähmiýeti ýaly meselelerde alan tejribelerini türkmen reallyklaryna nä derejede ornaşdyryp bilerler? Türkmen parlamentinde şeýle aksiýa öz dowamyny taparmy? Bu ýagdaý ‘Ýurtda kanun çykarmak meselesini býurokratik maşynynyň kontrollygy bolmazdan, türkmen parlamenti özbaşdak çözüp bilermi?’ diýen soragy döredýär. Eger şeýle bolmasa, onda ol Türkmenistanda kadaly demokratiki jemgyýet gurmak boýunça tagallalarynyň ählisini sorag astyna salýar.

Eger serişdeler ýeliň ugruna sowrusla, wagt boş geçirilse, eger demokratiki proses şu güne däl-de, soňa goýulsa, onda netijelere ýene ýüz ýyldan garaşybermeli bolar. Depginler şunuň ýaly haýal bolsa, anyk hem göze görnüp duran ädimler iş ýüzünde bolmasa, birnäçe nesil netijesiz garaşmalara mejbur bolar.

Awstriýada we Sloweniýada bolup gelmek bagtyna eýe bolan türkmen parlament agzalary iki ýurduň-da bir duran ýerinde durmaýandygyna, öz demokratiki sistemalaryny yzygiderli ösdürýändiklerine göz ýetiren bolsalar gerek. Türkmenleriň düýnki gören zatlary eýýäm ertir başgaça bolar.

Ine, şu ýerde-de sorag döreýär: Türkmenistanyň içerki durmuşynda ýagdaýlar nähili tizlik bilen üýtgär? Parlament wekilleriniň baryp gelen ýurtlaryndaky ýaly çalt hem aýgytly özgerermi?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG