Sepleriň elýeterliligi

Täjigistandaky atyşyklarda ýaragly topardan 5-si öldi


Täjigistanyň howpsuzlyk resmileriniň mälim etmegine görä, ýurduň harbylarynyň gozgalaňçy topar bilen çaknaşygynda olardan 5-si heläk bolup, esgerlerden 5-si ýaralanypdyr.

Täjigistanyň Içeri işler ministrligi bu wakanyň Mawy kölüň golaýynda bolandygyny habar berdi hem-de gozgalaňçylaryň ýanyndan rus pasportunyň tapylandygyny mälim etdi.

Geçen aýlardaky Täjigisitanyň howpsuzlyk güýçleri bilen Yslamçy ýaragly toparyň arasyndaky çaknaşyklar sebäpli, dartgynlylk ösýär.
XS
SM
MD
LG