Sepleriň elýeterliligi

Geýts: Owganystandaky uruşda ösüşiň bardygyny ABŞ görkezmeli


ABŞ-niň Goranmak Ministri Robert Geýts, Owganystandaky harby güyçlere ýolbaşçylyk edýän ABŞ geljek tomusa çenli Owganystandaky uruşda ösüşiň bardygyny görkezmeli diýýär.

Halk köpçüliginde, bu uruşda ýeňiş gazanyp bolmaz diýen pikiri aradan aýyrmak üçin Waşington şeýle etmeli diýip, Gates sözüne goşýar.

Los Anželes Taýms gazeti, Owganystandaky urşuň uzaga çekjekdigini we bir ýylyň dowamynda ýeňiş gazanylmajakdygyny ýazdy.

Uruşda ösüşiň bardygyny görkezip bilmese, bu söweşde halk köpçüliginiň goldawyndan mahrum bolnup biler diýip Gates ýörite nygtaýar.
XS
SM
MD
LG