Sepleriň elýeterliligi

Klinton terrorçylyga garşy global göreşe çagyrdy


ABŞ-niň Döwlet sekretary Hillari Klinton Hindistanyň Nýu Deli uniwersitetinde çykyş edýär, 20-nji iýul, 2009 ý.

ABŞ-niň Döwlet sekretary Hillari Klinton Hindistanyň Nýu Deli uniwersitetinde çykyş edýär, 20-nji iýul, 2009 ý.

ABŞ-niň Döwlet sekretary Hillari Klinton, terrorçylyga garşy göreşde, Waşingtonyň Hindistan, Indenoziýa we ekstremizmi ýeňmek isleýän beýleki döwletler bilen iş alyp barjakdygyny aýtdy.

Klinton bu barada Hindistana sapary wagtynda 2008-nji ýylda Mumbaýdaky terroçylykly hüjümde ölen 166 adamynyň hatyrasy üçin ýola goýlan merasime gatnaşan mahaly beýan etdi.

Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-niň döwlet sekretary 17-nji iýulda Indoneziýadaky myhmanhanalara hüjüme-de degip geçdi. “Indoneziýanyň paýtagty Jakartadaky bombaly hüjüm, ekstremistiki topar tarapyndan edilýän ajy hem ýürek agyrdyjy bidügünçilikleriň howpunyň örän ulydygyny ýatladýar.”

Şol bir wagtyň özünde Indoneziýa, 2 sany bombaly hüjümde pida bolanlaryň we bu jenaýaty amala aşyranlaryň kimliklerini aýan etmäge synanyşýar. Jakartada köplenç daşary ýurtlylaryň ýerleşýän iki sany oteli ýagny Marriott we Ritz-Karton otellerine ajalyna kaýyllar bombaly hüjüm etdiler.

“Jemaah Islamiah” günäkärlenýär

Terrorçylyga garşy derňew edarasynyň ýokary derejeli resmilerinden Ansýaad Mabi, bu hüjümde polisýa tarapyndan köp yzarlanýan Malaýziýaly Nuretdin Muhammet Topyň bardygyny öňe sürdi.

Nuretdin kiçi toparlardan emele gelen Jemaah Islamiah hereketine ýolbaşçylyk edýär. Bu topar Indoneziýada birnäçe bombaly hüjümi, şol sanda 2002-nji ýylda 200-den gowrak adamynyň ölümine sebäp bolan Baly adasyndaky hüjümi amala aşyranlykda aýyplandy.

Indoneziýa gysga möhlet bilen baran Awstraliýanyň Daşary işler ministri Stefen Smit, terrorçylyga garşy göreşde hyzmatdaşlyk ediljekdigini wada berdi. “Şular ýaly bir wagtda, ählimiziň birmeňzeş duşmanymyzyň bardygy hakykat. Şoňa görä biz elmydama dykgatly bolmaly we bu howpy ýeňmek üçin biz bilelikde yzygiderli iş alyp barmaly.”

Ýurduň Saglyk ministrliginiň krizis merkeziniň maglumatyna görä, Jakartadaky hüjümde ölenleriň arasynda 2 sany Awstraliýaly, 1 täze Zelandiýaly, 1 Singapurly we 1 Indoneziýaly bar.
XS
SM
MD
LG