Sepleriň elýeterliligi

Tähran Britan ilçihanasynyň işgärini boşatdy


Düýn Tähran Britaniýanyň ilçihanasynyň ýerli işgärini girew bilen türmeden boşatdy. Ol 3 hepde mundan öň tutulypdy.

Huseýn Rassamyň aklawçysy Horamşahi Ewin türmesinden çykandan soňra, öz müşderisiniň ýagdaýynyň gowydygyny aýtdy. Mundan owal ol Rassamyň azatlyga çykmagy üçin 100 müň amerikan dollarynyň girew tölenendigini aýtdy.

Rassam Britaniýanyň ilçihanasynda ýokary derejeli analitik bolup işleýär. Ol ilçihananyň beýleki 8 işgäri bilen birlikde 27-nji iýunda tussag edildi. Emma, şol işgärler öň boşadyldy. Rassam we beýlekiler 12-nji iýundaky saýlawlar bilen bagly demonstrasiýalara gatnaşygy barlykda aýyplandylar.

Düyn Britaniýanyň DIM-niň ýaýradan beýannamasynda, Daşary işler ministri Deýwid Miliband, Rassamyň boşadylmagyny gowy garşylady we ilçihananyň işgärleriniň tutulmagynyň “doly adalatsyzlykdygyny” gaýtalady.
XS
SM
MD
LG