Sepleriň elýeterliligi

Rumyniýanyň prezidenti Aşgabada barýar


Narodetski: “Rumyniýanyň demokratiki özgerişleri Türkmenistana ýol görkezip bilermi?”

Narodetski: “Rumyniýanyň demokratiki özgerişleri Türkmenistana ýol görkezip bilermi?”

Türkmenistan köp ugurly energetiki programmasyny iş ýüzünde amala aşyrmak hem-de onuň howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri boýunça işlerini dowam etdirýär.

Şu nukdaý nazardan rumyn prezidentiniň bu saparyna geçen ýylyň tomsunda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rumyniýa saparynyň jogaby, diplomatiki edebi berjaý etmek hökmünde baha bermek dogry bolmaz. Bu saparda iki tarap üçin hem zerur ädilmeli ädimler göze ilýär.

Buharest ylaýta-da energetikada özi üçin amatly kontraktlar gözleýär. Aşgabat rumyn prezidentini Ýewropa regionynyň ýene bir ýörite ýollan wekili hökmünde görýär. Bu ugra Türkmenistan uzak wagtlyk syýasy-ykdysady inwestisiýalar edýär. Ol NABUCCO proýekti bilen bagly bolup, onuň maksady Russiýadan sowa Ýewropany gaz bilen üpjün etmekden ybarat.

Bu proektiň amala aşyrylmagyna uzaklary nazarlaýan uly iş hökmünde baha berilýär. Eger planlaryň durmuşa geçirilişi şowly bolýanda-da, NABUCCO turbasyndan türkmen gazy 2014-nji ýylda akyp başlamagy mümkin. Ýöne bu proýekti maliýeleşdirmek meselesi henize çenli çözülenok. Türkmen häkimiýetleri NABUCCO-nyň başa barmagyny aktiwleşdirmek üçin Ýewropanyň her bir hereketinden peýdalanmaga çalyşýar.

NABUCCO proýektine gatnaşmak boýunça tagallalaryny artdyrmak bilen türkmen tarapy şol bir wagtda öňki energetiki hyzmatdaşlary, ozaly bilen Eýrany hem Russiýany Aşgabat bilen gepleşiklerde has çeýe hem barlyşykly etmek meselesini hem çözüp barýar. Mysal üçin, Eýran birnäçe gün mundan öň Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada ylalaşyga gol çekişdi. Eýranyň bu hereketini onuň özüni öňki alyp baryşlary bilen deňeşdirer ýaly däl.

Rumyn prezidentiniň sapary bilen bagly hökümet maslahatynda eden çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow öz gol astyndakylardan türkmen energiýa serişdelerini ýerlär ýaly mümkin bolan bazarlary öwrenmegi hem peýdalanmagy çynlakaý talap etdi. Şu wagta çenli bu iş bilen Türkmenistanyň prezidentiniň özi meşgullanyp gelýärdi. Real ýagdaý şu günki gün has aýgytly hereket etmegi talap edýär.

Türkmenistanda ýerlemäge degişli uly möçberdäki gazyň peýdalanylman durandygyny prezident boýun aldy. Şol uly göwrümiň Rumyniýanyň prezidentine teklip edilmegi hem mümkin. Satylmaga degişli gazyň haryt görnüşinde hyrydarsyz durmagy Russiýa tarapa gidýän gazyň kesilmegi bilen peýda boldy. Bu görnüp duran zat, şol problema häzir hem çözülenok.

Simwoliki ähmiýet

Ykdysady kynçylyklardan, täze bazar mümkinçiliklerinden başga, rumyn prezidentiniň Aşgabada saparynyň simwoliki ähmiýeti hem bar. Rumyn halky Nikolý Çauşeskunyň režiminden gerk-gäbe bolupdy. Onuň täsirleri rumyn jemgyýetinde häzir hem duýulýar. Köp synçylaryň pikiriçe, Nyýazowyň hökümdarlyk eden ýyllary Rumyniýadaky ýagdaýa meňzeş, belki-de ondan hem elhenç ýagdaýlar türkmen halkynyň hem depesinden inipdi.

Günbatar hem Merkezi Ýewropa ýurtlarynyň kömegi bilen Rumyniýa Çauşeskunyň diktaturasynyň ýaralaryny bejermäge çalt girişdi hem-de ýurduň durmuşyny öňki eden-etdiliklerden arassalady. Diňe aýgytly demokratiki özgerişleriniň geçirilmegi bilen Rumyniýanyň diktaturanyň getirip dykan gorpundan daşalaşandygyny, ondan arasyny açandygyny köp synçylar belleýärler.

Gaýtadan dikelişde bu rumyn gudraty Türkmenistan üçin görelde alarlyk nusga bolup bilermi? Rumyniýada bolan ýagdaý ýene we ýene bir gezek ýurduň içerki durmuşyny düýpli özgertmegiň gerekdigini tassyklamaýarmy? Onda-da şol özgerişler soňa süýşürilip, haýal-ýagallyga salynmasa, tersine, bar gujur-gaýraty jemläp reformalar geçirilse, ýurdy täze netijelere ýetirmezmi? Türkmenistan şol göreldä eýerermi? Eger ony başarsa, täze durmuşa adamlar ýene näçe wagt garaşmaly bolar?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG