Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Galla baýramçylygy bellenildi


Düýn, iýulyň üçünji bazar güni Türkmenistanda giň gerimde Galla baýramçylygy bellenilip geçildi. Ýurduň welaýatlarynda we etraplarynda bu baýramçylygyň hatyrasyna konsert programmalary, sport bäsleşikleri we dürli hili medeni çäreler gurnaldy.

Düýn bu waka bilen baglanyşykly ýurduň gallaçylaryna eden gutlag ýüzlenmesinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gallaçylaryň gazanan ýokary üstünliklerine özüniň buýsanjyny mälim edipdir.

Türkmenistanly käbir ýerli synçylar ýurduň welaýatlarynda we etraplarynda üstümizdäki ýylda ýygnalan galla hasylynyň anyk möçberleri we planlaryn näderejede ýerine ýetirilip ýetirilmändigi barada anyk resmi maglumatlaryň berilmändigini belleýärler.
XS
SM
MD
LG