Sepleriň elýeterliligi

Bakuwda türkmen resmileri Hazar deňziniň statusyny maslahatlaşdy


Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňzi boýunça döwlet edarasynyň başlygy Toýly Kömekow.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňzi boýunça döwlet edarasynyň başlygy Toýly Kömekow.

Hazar deňziniň düýbüniň we ýer asty serişdeleriniň iki döwlet arasynda bölünşigi meselesi boýunça Türkmenistanyň pozisiýasy, halkara kanunlarynyň kadalary esasynda adalatlylyk prinsipleriniň ulanylmagyna ylalaşmakdan ybarat. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, türkmenistan.ru internet gazeti ýazdy.

Maglumatda, Hazar meselesi boýunça iki döwlet arasynda alnyp barylýan gepleşikler prosessiniň nobatdaky tapgyry bolan Bakuwdaky gepleşiklerde, Hazar deňzinde gämi gatnawy, balykçylyk we gidrometeorologiýa ýaly ugurlardan hem taraplaryň pikir alyşmakçydygy aýdylypdy.

Bakuwdaky gepleşikler ýapyk görnüşde geçirildi. Şol gepleşiklere türkmen tarapynyň delegasiýasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňzi boýunça döwlet edarasynyň başlygy Toýly Kömekow ýolbaşçylyk etdi.

Taraplaryň tutuş Hazar meselesini, şol sanda deňziň milli sektorlarynyň bölünişigini maslahat edenligini, Azerbeýjanyň Daşary işler minsitrliginiň resmi wekili Elhan Poluhow aýtdy. Bu barada “Wzglýad” internet neşri habar berdi.

Azerbeýjanyň “Eho” neşiri Hazar deňziniň düýbüniň we ýerasty baýlyklarynyň bölünşigi meselesiniň häzirki wagtda hasam ähmiýetiniň artýanlygyny belledi. 10-nji iýulda Türkmenistan NABUCCO proýektine gatnaşmaga taýýarlygyny mälim edipdi.

Ylalaşyga gelnendigi çak edilýär

Bakuwdaky gepleşikleriň netijeleri barada habar berilmedik hem bolsa, Azerbeýjanyň Nebiti Öwreniş Merkeziniň başlygy Ilhan Şaban taraplar arasynda belli bir ylalaşyga gelnendigini çak edýär. Ol 15-17-nji iýul günlerinde Bakuwda Hazar boýunça ekspertler derejesinde geçirlen gepleşikleri, Türkmenistanyň NABUCCO barada eden ýakyndaky beýannamasy we munuň oňüsyrasynda Azerbeýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň başlygynyň 10-njy iýulda Aşgabada eden sapary bilen özara baglaşdyrdy.

“Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ýurduň “NABUCCO” babatdaky planlary barada yglan etmeginiň öňüsyrasynda Azerbeýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň başlygy Rownag Abdyllaýewi kabul edipdi. Üstesine şol gepleşiklerden bir hepde geçensoň Bakuwda Hazar deňzi boýunça türkmen-azeri gepleşikleri hem geçirildi. Gysga wagtyň içinde bolup geçen bu wakalar nukdaý nazardan, ýurtlaryň özara pozisiýalarynyň belli bir derejede ýakynlaşyp, olaryň özara meseleleriniň çözgüdi ugrunda bitewi pikire gelmäge taýýardygyny çak edip bolar” diýip, Ilhan Şaban aýtdy.

Häzirki wagtda Aşgabat bilen Bakuwyň arasyndaky problemalar, hususan-da ýurtlaryň Hazar deňzindäki milli sektorlarynyň araçägini kesgitlemek meselesine degişli. ITAR-TASS agentliginiň maglumatyna görä, ýurtlaryň gapma-garşylyklary bu meseledäki ylalaşyksyzlyga we Hazar deňzindäki nebit-gaz ýataklaryň üstündäki dawalara degişli. “Wzglýad” neşiriniň bellemegine görä, Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň arasyndaky gepleşikleriň aktiw döwri prezident Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelensoň 2007-nji ýylyň ortalarynda başlandy.

Şondan bäri Hazar deňziniň problemalary boýunça gepleşikler esasan ýapyk gapylar aňyrysynda geçirilýän hem bolsa, öz döwründe diplomatiki gatnaşyklaryny togtadan döwletleriň özara gatnaşyklaryny ýola goýup, köp ýyl bäri çözgütsiz galýan meselä gaýdyp gelmekleriniň, taraplaryň özara ylalaşygyň ugrundadygyna umyt döredýär diýip ekspertler belleýärler.

“Şol gepleşikleriň aglaba bölegi gynansak-da ýapyk gapylar aňyrsynda geçirildi. Olaryň netijeleri barada habar berilmese-de, dawaly nebit-gaz ýataklary maslahat edilýär. Umuman gepleşikleriň dowamynda belli bir öňegidişlikleriň gazanyljagyna men ynam baglaýaryn”, diýip Moskwada çap bolýan “Westnik Kaspiýa” žurnalynyň baş redaktory Igor Zonn aýtdy.

“Transhazar” geçirijisiniň ähmiýeti

“Eho” neşiriniň bellemegine görä, Türkmenistan öz gazyny NABUCCO turbalaryna akdyrmak islese, munuň üçin Hazar deňziniň düýbünden Türkmenistany Azerbeýjan bilen birleşdirjek Transhazar gaz geçirijisini gurmak gerek. Öz nobatynda Turkmenistan bilen Azerbeýjanyň deňzindäki ýataklar üstündäki dawalar we 5 sany Hazarýaka döwletiniň deňziň statusy boýunça ylalaşyksyzlygy, regionyň gazyny Russiýanyň daşyndan Ýewropa akdyrmagy göz öňünde tutýan NABUCCO proýketiniň öňüne böwet salýar. Şeýlelikde Hazar deňziniň statusy bilen bagly ylalaşyksyzlyklar NABUCCO proýektiniň garşydaşlaryna proýektiň durmuşa geçirilmegini yza tesdirmäge mümkinçilik berýär, diýip Azerbeýjanyň “Eho” neşiri ýazýar.

Ilhan Şabanyň pikirine görä, Aşgabat bilen Baku arasynda ýylyň aýagynda Azerbeýjanda Hazar deňziniň statausy boýunça geçiriljek sammite çenli özara ylalaşyga gelinse, bu Türkmenistan üçin NABUCCO proýektine tarap ýol açar.

Eho internet neşiriniň maglumatyna görä, Bakuwda Hazarýaka döwletleriniň 3-nji sammitine taýýarlyk görülýär.
XS
SM
MD
LG