Sepleriň elýeterliligi

Hawiýer Solana Päkistana sapar edýär


Şu gün Ýewropa Birleşiginiň daşary syýasat boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Hawiýer Solana talyplara garşy söweşler sebäpli Pakistanda ýaşaýan ýerlerinden göçürilen 2 million töweregi bosgun barada ädilýän aladalara Ýewropa Birleşiginiň hem ýardam berjekdigini aýtdy.

Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky bosgunlar lagerine sapar eden Hawiýer Solana ýurduň häkimiýetleriniň bosgunlar baradaky edýän aladalary barada öwgüli sözleri aýtdy. Şu ýylyň aprel aýyndan bäri talyplara garşy alnyp barylýan söweşleriň barşynda bu regiondaky käbir ýaşaýjylar öz ýaşaýyş jaýlaryndan hem bütinleý mahrum bolupdylar.

Bileleşıgiň daşary syýasat boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Hawiýer Solana Pakistandaky bosgunlara amatly ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen Ýewropa Bileleşıgiňiň Pakistana 150 million ýewrodan hem gowrak maliýe ýardamyny berendigini we şeýle ýardamlaryň mundan beýläk hem beriljekdigini aýtdy.

Hawýer Solana şu gün Pakistanyň prezidenti Asif Aly Zardary hem-de premýer-ministri Jusuf Reza Gilani bilen geçiren duşuşygyndan soň, Owganystana sapar etmekligi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG