Sepleriň elýeterliligi

Klinton Hindistanyň premýer-ministri bilen duşuşdy


Şu gün Hindistana sapar edýän Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Waşington bilen Nýu-Deliniň kämil harby ýaraglaryň söwdasyna ýol açjak özara möhüm ylalaşyga gol çekiler diýip umyt edýändigini aýtdy.

Şu gün Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singh bilen duşuşygynyň öňýany Hillari Klinton Deli uniwersitetiniň studentleriniň öňünde ýörite doklad bilen çykyş etdi. Özüniň bu çykyşynda ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň terrorizme we ekstremizme garşy global goreşde Hindistanyň häkimiýetleriniň bu ugurdaky tagallalaryny hem goldamaga taýýardygyny belledi.
XS
SM
MD
LG