Sepleriň elýeterliligi

Yragyň Ramadi şäherinde 3 adam heläk boldy


Şu gün Yragyň polisiýasy ýurduň günbataryndaky Anbar prowinsiýasynyň merkezi şäheri bolan Ramadi şäherinde içine bomba ýerleşdirilen bir maşynyň partlamagy netijesinde iki sany polisiýa işgäri bilen bir ýerli ýaşaýjynyň ölendigini habar berdi.

Bu partlama Ramadi şäheriniň merkezindäki hökümet binasynyň golaýynda amala aşyrylypdyr.
Sünnüleriň agdyklyk edýän bu Anbar prowinsiýasynda soňky bir ýarym ýyla golaý wagt bäri sünni taýpalarynyň terrorçylara garşy göreşde koalision güýçler bilen hyzmatdaşlyk etmekleri netijesinde hüjümleriň sany göz-görtele azalypdy. Ýöne soňky wagtlar bu prowinsiýada hüjümleriň ýene birneme güýçlenýändigi bellenilýär.

Geçen hepde Ramadi şäherindäki metjitlerden biriniň golaýynda janyndan geçen bir hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda alty adam ölüp, onlarça adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG