Sepleriň elýeterliligi

Memorialyň ýapylmagy bilen çeçenlere ýüz tutara ýer galmady


Memorialyň Groznydaky merkeziniň öldürilen işgäri Nataliýa Eştemirowanyň portreti, 17-nji iýul, 2009 ý.

Memorialyň Groznydaky merkeziniň öldürilen işgäri Nataliýa Eştemirowanyň portreti, 17-nji iýul, 2009 ý.

Çeçenistanda adam hukuklary boýunça Memorial guramasynyň ýapylmagy, ýerli ilatyň lapyny keç etdi. Memorialyň Groznydaky merkeziniň işgäri Nataliýa Eştemirowa geçen hepde öldürilenden soň şeýle karar alyndy. Gurama indiden beýläk şol ýerdäki işgärleriniň howpsuzlygyna kepil geçip bilmejekdigini aýdýar. Ýerli ýaşaýjylar bolsa, bu ýagdaýa alada bildirýärler.

2002-nji ýylyň ýanwarynda Zelimhan Ýezhiýewiň ogly Çeçenistanda ýaşaýan obasyndan goňşy Inguşystana gideli bäri ony gören bolmady. Şunlukda, Ýazhiýew hem şeýle ýagdaýda köp Çeçenistanlynyň hereketine eýerdi. Ol Grozna gitdi we Orsýetde meşhur adam hukuklary boýunça “Memorial” guramasynyň gapysyny kakdy.

Ýezhiýew ilki bilen regiyonda adam hukuklary boýunça iş alyp barýan Nataliýa Eştemirowa bilen duşuşdy. Eştemirowa Ýezhiýewiň ogluny gözlemekde esasy ýarany boldy we köp ýardam etdi. Geçen hepde Eştemirowa aradan çykandan soňra, Yezhiýewe we oňa meňzeşleriň ýüzlerçesine kömek üçin yüz tutup biljek ahyrky adamsyny ýitirendikleri anyk boldy.

“Biz Memoriala bardyk we ol kömek etdi. Biz oňa gije-gündiz jaň etdik we ol gelip kömek etdi. Ol gyzyl ýaly adamdy we mydama maňa hem-de kömek üçin ýüz tutan islendik adama ýardam etdi. Men iň ezizlerimiň birini ýitiren ýaly boldum. Ol meniň üçin aýal doganym ýalydy. Haçanda, men onuň ölendigini aýdanymda, meniň maşgalam, aýalym, gyzym aglady”diýip Ýezhiýew aýdýar.

Zorluk we basyş

Eştemirowa Groznydaky öýüniň töwereginde 15-nji iýulda ogurlanandan birnäçe sagat soň, köp ýerinden atylan ýagdaýda öli tapyldy. Emma, çeçenler Eştemirowanyň ölüminden has ajy zat üçin ýas tutdular. “Memorial” guramasynyň işgäri, beýleki kärdeşleriniň howpsuzlygyna alada bildirýändikleri üçin Groznyda işlerini togtatýandyklaryny ýekşenbe güni yglan etdi.

Eştemirowadan owal 2006-njy yylyň aprelinde Memorialyň ýörite programmasynyň işgäri Bulat Çilaýew ogurlandy we öldürildi. Çeçenistanyň adam hukuklary boýunça yörite wekili Nuhadjiýew Memorialyň merkeziniň ýapylmagynda uly rol oýnady. Ol Çeçenistanda adam hukuklary barada alada edýän başga-da guramalaryň bardygyny öňe sürdi.

Emma Memorial uly topardy we Çeçenistanda adam hukuklary barada işleýän žurnalistleriň ilki bilen barýan guramasydy. Memorialyň Groznydaky edarasynyň başlygy Akbulatow öz guramasynyň ýapylýandygynyň yglan edilendigine garamazdan, adamlaryň gelmegini dowam etdirýändigini aýtdy. “Adamlar gelýärler we eger Memorial ýapylsa, onda hakyky goldaw hem kömek üçin yüz tutara ýeriň galmaýandygyny aýdýarlar.”
Adamlar hakyky goldaw üçin yüz tutara ýeriň galmaýandygyny aýdýarlar.


Akbulatow Eştemirowa bilen birlikde köp zady ýitirendiklerini aýtdy. “Biz Eştemirowa bilen birlikde onuň gymmatly tejribesini, kontaktlaryny we bilimini ýitirdik. Onuň ölümi Memorialyň işine uly zarba boldy. Biziň ony diňe kärdeş däl-de, adam hökmünde hem göresimiz geler”diýip Akbulatow belledi.

Adam hukuklaryny goraýan orsýetli we halkara toparlar Eştemirowanyň ölümini berk ýazgardylar. Orsýetiň prezidenti Medwedew Eştemirowany öldürenleri ele salmagy we jezalandyrmagy berk tabşyrdy. Emma ol, Nataliýanyň ölüminde Kadyrowyň ýa-da Orsýetli resmileriň eliniň bardygy hakyndaky aýyplamalary “sadalyk” diýip atlandyrdy.

Ramzan Kadyrow bolsa, özüni Nataliýanyň ölüminde aýyplan Memorialyň agzasy Orlowyň şyltak atandygy üçin suda şikaýat etmegi göz öňünde tutýandygyny tekrarlady. Adam hukuklary boýunça Human Rights Watch guramasynyň maglumatyna görä, Eştemirowa öldürilende, adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly aýyplamalar boýunça “örän ynjyk” işler barada dokument ýygnaýardy.
XS
SM
MD
LG