Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-niň wise-prezidenti Jo Baýden düýn Kiýewe bardy


ABŞ-niň wise-prezidenti Jo Baýden düýn Kiýewe bardy. Ol dört günlik saparynda Gürjüstana hem barar. Baýden Kiýewde möhüm çykyşyny eder we Ukrainanyň liderlerini ykdysady hem demokratiki reformalar üçin bilelikde işleşmäge çagyrar.

Jo Baýden Ukrainanyň prezidenti Yuşçenko, premýer ministri Timoşenko we çarşenbe güni Gürjüstana ugramazdan ozal oppozisiýa lideri Ýanukowiç bilen duşuşar.

Baýdeniň bu saparlary prezident Obamanyň Moskwa saparyndan iki hepde soň amala aşyrylýar.
XS
SM
MD
LG