Sepleriň elýeterliligi

Peruwyň öňki prezidenti Alberto Fujimorä ýyl kesildi


Peruwyň öňki prezidenti Alberto Fujimori häkimiýetden galp peýdalanandygy üçin 7,5 ýyl azatlykdan mahrum edildi. 1990-2000 ýyllarda prezident bolan Fujimori özüniň Razwedka geňeşçisi Montesinose 15 million dollar tölemek üçin hökümetiň fondlaryndan peýdalananlykda günälendi.

Ol sudda bu puly Montesinose berendigini boýun alsada, öz hereketiniň jenaýatdygyny boýun almakdan ýüz öwürdi.

Peruwyň we Ýaponiýanyň raýatlygyna eýe bolan öňki prezident Fujimori adam hukuklary aýyplamalary we adamzada garşy jenaýatlary üçin 25 ýyllyk türme tussaglygyna aprelde höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG