Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda zenan hukuklary boýunça täze kanun taýýarlanýar


Owganystanda aýal-gyzlaryň ýagdaýy, olaryň esasy hak-hukuklaryny berk çäklendiren “Talyp” hereketi agdarylandan soň çürt-kesik üýtgedi.

Owganystanda aýal-gyzlaryň ýagdaýy, olaryň esasy hak-hukuklaryny berk çäklendiren “Talyp” hereketi agdarylandan soň çürt-kesik üýtgedi.

Owganystan aýallara garşy zorluklary ýok etmek we şeýle zorluklara baş goşýanlary jezalandyrmak boýunça kanunyň soňky nokadyny goýmaga taýýarlyk görýär.

Köpden bäri garaşylýan bu kanunyň adam hukuklary meselesinde öňe tarap ädim boljakdygyna garaşylýarka, ýurduň köp raýatlary onuň örän konserwatiw jemgyýetdäki aýallara bolan garaýyşlary üýtgedip biljekdigine şübhe bildirýärler.

Owganystanda aýallaryň mekdebe, işe, ýa-da doktora gimegine päsgelçilik berýän her bir adamyň tiz wagtda türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolmagy ähtimal.

Bu “Aýallara garşy zorluklary ýok etmek” boýunça kanuna laýyklykda amala aşyrylar. Bu kanunyň üstünde uzak wagtlap alnyp barylan işler häzirki wagtda ahyrky tapgyryna ýetdi. Owgan parlamentiniň agzalarynyň tomusky dynç alyşlaryndan soň maslahat ediljek ilkinji meseleleriň hatarynda, bu kanuna hem garalmagy ähtimal.

Kanun aýallara garşy kemsitmeleri jenaýatçylyk hökmünde kesgitleýär we şeýle jenaýatçylyklara baş goşanlar babatynda ençeme jezalandyrmalary, ýagny maliýe jerimeden başlap türme tussaglygyna çenli çäreleri göz öňünde tutýar.

Kanun Owganystanyň içindäki we daşyndaky adam hukuklaryny goraýjylar tarapyndan makullandy we aýalaryň hak-hukuklarynyň goralmagyna we aýal -gyzlaryň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşdyrylmagyna tarap ädim hökmünde kabul edildi.

Soňky döwür ýagdaýlar üýtgedi

Owganystanda aýal-gyzlaryň ýagdaýy, olaryň esasy hak-hukuklaryny berk çäklendiren “Talyp” hereketi agdarylandan soň çürt-kesik üýtgäpdi. Millionlarça aýal-gyzlar gaýtadan mekdeplere we işe dolanypdy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatyndan Fateh Muhammad, “Birnäçe ýyl mundan ozal aýallaryň syýasy durmuşa gatnaşmagyny göz öňünde getirmek kyn bolan bolsa, häzirki wagtda aýallar saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşýarlar, aýal kandidatlar saýlanýarlar” diýip belledi.

Fateh Muhammad özüniň ýaşaýan Mazari-Şerif etrabynda çagalaryň oglan ýa-da gyz bolmagyna garamazdan deň derejede mekdebe gatnaýandygyny, ýaş gyzlaryň başyny örtmeýändigini, aýal-gyzlar Yslam kadalaryna laýyk geýinýän hem bolsalar, bilim almaklaryny dowam etdirýändigini we olaryň mekdebe gatnamagyna hiç kimiň päsgelçilik bermeýändigini aýtdy.

Şübheler hem bar

Emma Owganystanyň belli bir derejede howpsuz we onçakly konserwatiw bolmadyk böleginde ýaşaýan Fateh Muhammadyň optimistik pikirleri bilen ylalaşmaýanlar hem bar. BMG-niň adam hukuklary boýunça komissary we BMG-niň Owganystanda ýardam boýunça missiýasy tarapyndan bilelikde taýýarlanan we şu aýyň başynda çap edilen hasabatda, Owganystanda aýal-gyzlaryň adam hukuklarynyň doly berjaý edilmeýändigi aýdylýar we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşýan aýallaryň howp astyndadygy we hüjümlere sezewar edilýändigi bellenýär.

Owganystanyň örän dinçi jemgyýetinde köp adamlar aýallaryň bilim almagyna ýa-da öýden daşarda işlemegine örän şübheli garaýarlar. Ýurtda aýallaryň esasy roly hojalyk işlerini ýerine ýetirmekden we çagalary terbiýelemekden ybarat bolup durýar.

Owganystanyň günortasyndaky Helmend welaýatynyň 50 ýaşly ýaşaýjysy Asadullah “hiç bir kanun ýa-da resmi düzgün asyrlar boýy ýöredilen däp-dessurlary ýa-da adamlaryň aňyna ornaşan düşünjeleri ýok edip bilmez” diýip pikir edýär. Ol işlemek isleýän aýal-gyzlaryň, özlerine päsgelçilik berýän maşgala agzalaryny jezalandyrmak üçin polisiýa ýa-da häkimiýetlere ýüz tutjakdygyna, öz nobatynda ene-atalaryň öz gyzlaryna häkimiýet wekillerine ýüz tutmaga ýol berjekdigine şübheli garaýar. “Ähli problemalar maşgalanyň çäginde çözülýär.”

Owgan parlamentiniň agzasy we adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Şukriýa Berekzaý aýallaryň hak-hukuklaryna degişli kanunyň durmuşa geçirilmeginiň agyr mesele bolup durýandygyny aýdýar. “Bu nukdaý nazardan kanuny hatda Kabulda hem durmuşa geçirmek mümkin däl. Emma bu, şeýle kanunyň bize gerek däldigini aňlatmaýar. Elbetde biz kanuny kabul etmeli we yzýany onuň durmuşa geçirilmegi üçin zerur şertleri döretmäge çalyşmaly. Şol bir wagtda-da biz adamlaryň öz hukuklaryndan habarly bolmagy boýunça işlemeli” diýip, owgan parlamentiniň agzasy Şukriýa Berekzaý nygtaýar.
XS
SM
MD
LG