Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-niň wise-prezidenti Baýden Ukrainanyň prezidenti bilen duşuşdy


Şu gün Ukraina sapar edýän Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýuşenko bilen gepleşikler geçirdi.

Jo Baýdeniň Ukraina saparynyň esasy maksady Orsýet-Amerikan gatnaşyklarynyň ýakynlaşmagynyň fonunda Waşingtonyň Ukraina bilen hyzmatdaşlyklarynyň ozalky ähimiýetini ýitirmeýänligini bu ýurduň häkimiýetlerine ynandyrmakdan ybarat diýlip hasaplanylýar.

Şu gün giçlik ol Ukrainanyň premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko, ýurduň Moskwa tarapdar «Regionlar» partiýasynyň lideri Wiktor Ýanukowiç we Parlamentiň ozalky spikeri Arseniý Ýatsenýuk dagylar bilen hem duşuşar diýlip garaşylýar.

Bularyň üçüsem geljek ýylyň ýanwarynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda özara bäsleşmekligi planlaşdyrýarlar. Ukraina saparyndan soň Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden hepdäniň üçünji güni Gürjüstana-da sapar eder.
XS
SM
MD
LG