Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystanda hökümet binalaryna hüjüm edildi


Şu gün talyp söweşijileriniň bir topary Owganystanyň gündogaryndaky Paktiýa welaýatynyň Gerdez şäherinde hökümet binalaryna hüjüm etdiler.

Welaýat polisiýa edarasynyň başlygynyň orunbasary Gulam Dastagir talyplaryň esasan şäheriň polisiýa edarasyny, howpsuzlyk gullugynyň edarasyny we gubernatoryň öýüni nyşana alandyklaryny aýtdy.

Maglumata görä, bu hüjümlerde janyndan geçen bäş sany hüjümçi bilen birlikde howpsuzlyk gullugynyň hem bäş sany işgäri ölüpdir.

Bu wakalar bilen bir wagtyn özünde diýen ýaly, Owganystanyň Pakistan bilen serhedine golaý ýerdäki Jelalabat şäherinde-de talyplaryň ýerli hökümet edaralaryna hüjüm edendikleri barada maglumat alyndy.

Bu wakada şäheriň aeroportyna aralaşmakçy bolanlarynda iki sany janyndan geçen hüjümçiniň atylyp öldürilendigi habar berildi.
XS
SM
MD
LG