Sepleriň elýeterliligi

14 ýylyň içinde Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagy nähili özgerdi?


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, 2009 ý.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, 2009 ý.

Şu gün Türkmenistanda, garaşsyzlykdan soň kabul edilen “Saglyk” programmasynyň 14-nji ýyl dönümi bellenilýär. Şol 14 ýylyň içinde Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagy nähili özgerdi? Türkmenistanyň raýatlary ýurduň saglygy saklaýyş pudagynyň hyzmatlary, bu ugurda ýetilen sepgitler we edilmeli işler barada näme pikir edýärler?

Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan soň, Nyýazowyň diktaturasy höküm süren ýyllary ýurtda saglygy saklaýyş pudagy, bilim pudagy bilen bir hatarda halkara jemgyýetçiliginde iň köp alada döredýän pudaklaryň biri boldy.

Şeýle-de bolsa, “Saglyk” programmasy durmuşa geçirlen ýyllarynda Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagynda ýokary derejeli wezipeleri eýeläp gelen Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow, geçen 14 ýylyň dowamynda edilen işlere öňyn baha berip çykyş etdi.

Türkmenistanly diňleýjimiz redaksiýamyza SMS arkaly iberen hatynda, prezidentiň 20-nji iýulda eden bu çykyşyny diňländigini, prezident Berdymuhamedowyň “Galkynyş” zamanynda keselleýänleriň sanynyň azalandygy baradaky aýdan sözleriniň hakykata laýyk gelmeýandigini aýdýar. Diňleýjimiz keselhanalaryň biriniň baş lukmany bilen sohbetdeş bolupdyr. Ol, “Saglyk” programmasy kabul edilmezinden öň keselhanalar mugt bolan döwürde hem, hassalaryň sanynyň şeýle köp bolmandygyny diňleýjimize gürrüň beripdir.

1990-njy ýyllaryň başynda, Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagynda işlän öňki deputat Aýgül Täjiýewa, “Diktator Nyýazowyň döwründe ýüzlerçe medisina edaralarynyň ýapylmagy, müňlerçe medisina işgärleriniň iş ýerinden gysylyp çykarylmagy, medisina göyberilýän maliýe serişdeleriniň kemeldilmegi, tejribeli, bilimli medisina kadrlarynyň Türkmenistany terk etmegi, medisina institutynda studentleriň sanynyň peselmegi, şol sanda medisina kafedralarynyň käsiniň ýapylyp, käsiniň bolsa birleşdirilmegi, ýetişdirilýän kadrlaryň bilimine we praktiki işine ýaramaz täsirini ýetirdi” diýip “Saglyk” programmasy kabul edileninden soňky ýagdaýlar barada pikirini beýan etdi.

Türkmenistanyň habar çeşmelerinde “Saglyk” programmasynyň 14-nji ýyl dönümi bilen bagly berlen maglumatda şeýle diýilýär: “Häzirkizaman lukmançylyk edaralarynyň onlarçasynyň, tehnikanyň iň soňky gazananlary esasynda enjamlaşdyrylan iň häzirkizaman saglyk öýleriniň we keseli anyklaýyş uly merkezleriniň işe girizilmegi şol maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr, olar ilata lukmançylyk hyzmatlarynyň giň spektrini hödürleýärler. Saglygy goraýşyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegi näsaglaryň sanynyň azalmagyny we adamlaryň ömrüniň dowamlylygynyň uzalmagyny şertlendirdi.”

Hasabatlar çapraz gelýär

Emma Bütindünýa Saglyk Guramasy ýaly halkara guramalaryň berýän maglumatlaryna görä, şeýle gymmat bahaly medisina merkezleriniň gurulýandygyna garamazdan, 2003-nji ýyl boýunça berilýän maglumatlara laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň ömrüniň dowamlylygy öňki Sowet regionynda iň gysgasy bolup, aýallarda ortaça 65, erkek kişilerde bolsa ortaça 56 ýaşa deň bolup durýar.

Çaga ölümi bilen bagly ýagdaý hem şuňa meňzeşdir. Ýagny tebigy baýlyklara garyp bolan Täjigistan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlarda hem çagalaryň we eneleriň ölümi bilen bagly görkezjiler, Türkmenistanyňkydan pes bolup durýar.

2006-njy ýyl boýunça berilen maglumatlara görä, Türkmenistanda diri doglan her 1000 çagadan 51 sanysy bäş ýaşa ýetmän aradan çykýar. Täjigistanda bu san takmynan 2 esse az bolup durýar.

Biziň Lebapdaky habarçymyz Osman Hallyýew, welaýat merkezlerinde keselhanalaryň gurulýandygyny aýdyp, medisina hyzmatlarynyň tölegli bolmagy sebäpli olaryň ilata elýeterli däldigini gürrüň berdi.

Biz bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanly bir zenan bolsa, keselhanalarda kassa tölenýän puldan başga, medisina işgärleriniň aklyk, ýagny para hantama bolýandyklaryny aýdyp, soralýan tölegler berilmedik halatynda halyňdan habar alýanyň ýokdugyny öňe sürýär.

Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagy bilen bagly berilýän resmi statistiki maglumatlaryň köp halatlarda hakykata laýyk gelmeýändigi, kesellänlere galp diagnoz goýmak praktikasynyň dowam etdirilýändigi hem bize gowuşýan maglumatlarda aýdylýar.

Mysal üçin, ýurtda SPID keseli bilen bagly ýagdaý hakda Türkmenistanyň prezidenti öz çykyşynda, Türkmenistan ýokanç WIÇ we SPID keseliniň ýaýramadyk dünýaniň az sanly ýurtlarynyň biri diýip aýdypdy.

Ekspertleriň garaýşy

Ekspertleriň pikirlerine görä, Türkmenistanda neşekeşligiň giňden ýaýramagy, tenini satmak bilen meşgullanýan zenanlaryň sanynyň garaşsyzlyk ýyllarynda ur-tut artmagy göz öňunde tutulsa, Türkmenistanda SPID keseli bilen bagly hakyky ýagdaýyň, bu barada berilýän resmi maglumatlardan has ýaramazdygyny çaklap bolar.

Başga bir tarapdan, döňuz dümewi bilen bagly maglumatlaryň köpçülige ýetirilmegini, käbir ýerli synçylar oňyn ädim diýip atlandyryp, neşekeşligiň zyýany hakda Türkmenistanda gürrüň edilip başlanmagyny hem öňe ädilen ädim hökmunde häsiýetlendirýärler.
XS
SM
MD
LG