Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Iýurisalime çagyryş etdi


Düýn Orsýet Iýurisalimiň gündogaryndaky eýelän ýerinde gapma-garşylykly gurluşyk proýektini ýatyrmaga Ysraýyly çagyrdy. Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Nesterenko bu proýektiň Ysraýylyň we Palestinalylaryň 2003-nji ýylda gol goýan parahatçylyk ylalaşygyny bozýandygyny aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde Fransiýanyň Daşary işler ministri Kuşner öz ýurdundaky Ysraýylyň ilçisini çagyrandygyny we Iyurisalimiň gündogarynda başlan gurluşygyny Tel-Awiwiň togtatmagyny talap edendigini aýtdy.

Hut şeyle hereketi ABŞ hem etdi. Häzir Ýewropa Birleşigine ýolbaşçylyk edýän Şwesiýa hem Iýurisalimiň gündogarynda prowokasiýa hereketlerden saklanmalydygyny Ysraýyla duýdurdy.

Düyn Ysraýylyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aýalon Iýurisalimiň gündogaryndaky gurluşyklary togtatmak baradaky çagyryşlary inkär etdi.

Ysraýyl Iýurisalimiň gündogaryny 1967 nji ýilda basyp alypdy.
XS
SM
MD
LG