Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan serhetleri boýunça ABŞ-dan kömek soraýar


Gürjüstan Orsýetiň goldaýan Abhaziýa we Günorta Osetiýa regionlary bilen serhetlerine gözegçilik etmäge ABŞ-niň kömek bermegini isleyär.

ABŞ-niň wise prezidenti Baýdeniň öz ýurduna saparynyň öň ýanyndaky çykyşynda, Gürjüstanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Tkeşelaşwili Ýewropa Birleşiginiň synçylaryna ABŞ-niň kömek etmegini Tbilisiniň isleýändigini aýtdy.

Ýewropa Birleşiginiň synçylary Orsýetiň BMG-niň we ÝHHG-niň synçylarynyň missiýalarynyň möhletini uzaltmaga böwet goýandan soň, Gürjüstanda galan ýeke-täk synçylardyr.
Indiki hepde Ýewropa Birleşiginiň Daşary işler ministrleri, guramanyň missiýasyny bir ýyla uzaltmak meselesine gararlar.

Geçen yylyň awgustyndaky Orsýet-Gürjüstan urşundan soňra, Ýewropa Birleşigi Gürjüstana 246 sany synçysyny ýollady.
XS
SM
MD
LG