Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň mekdeplerinde din okadylar


Orsýetiň prezidenti Medwedew ýurduň mekdeplerinde dini okatmak baradaky milli plany yglan etdi. Ol bu barada musulman, hristiýan, ýewreý we beýleki dini liderleriň gatnaşmagynda Moskwanyň golaýyndaky rezidensiýasynda gürrüň etdi.

Medwedew proýekt boýunça indiki baharda 250 müň okuwça öz dinini saýlap almak teklip ediler diýdi. Dini we dünýewi klaslarda ahlak barada sapak beriler.

Orsýetiň prawoslaw ybadathanasynyň mekdeplerde diniň hökman okadylmalydygy barada aýdanlaryna, adam hukuklaryny
goraýan guramalaryň käbiri garşy çykdy.
XS
SM
MD
LG