Sepleriň elýeterliligi

Eýranda saýlawlardan soňky ýagdaýlara nägilelikler dowam edýär


Milani: "Eýranda Yslam respublikasy özi-özüne garşy uruş alyp barýar."

Milani: "Eýranda Yslam respublikasy özi-özüne garşy uruş alyp barýar."

Geçen hepde düýbi Nýu Ýorkdaky Daşary Gatnaşyklar Geňeşinde saýlawlardan soňra Eýranda bolup geçýän ýagdaý hakynda iki sany syýasy ekspert çykyş etdi.

Eýranda 12-nji iýunda prezidentlige geçirlen saýlawlardan soň dörän ýagdaýa, hem ýurduň içinde hem-de daşary ýurtlarda ýaşaýan eýranlylar nägileliklerini dürli görnüşde beýan edip gelýärler.

Düýbi Nýu Ýorkdaky Daşary Gatnaşyklar Geňeşinde Eýran barada iki sany syýasy ekspert çykyş edip, bu bolup duran ýagdaýa baha berdiler. Olardan Mohsen Milani, Eýranda iki toparyň arasynda göreşiň barýandygyny öňe sürdi. “Eýranda Yslam respublikasy özi-özüne garşy uruş alyp barýar. Yslam respublikasynda biz iki dürli garaýşyň arasynda göreşiň barýandyna şaýat bolup gelýäris.”

ABŞ-niň Günorta Florida ştatynyň uniwersitinde hökümet we halkara gatnaşylar meseleleri boýunça bölümiň professory Milani hem-de Brýuklin institutynda Ýakyn Gündogar boýunça Saban merkeziniň ýokary derejeli bilermeni Sýuzanna Maloneý çykyş edip, Eýran babatynda öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Olar Eýranyň daşary syýasatynyň geljegi hakynda durup geçdiler.
“12-nji iýundaky saýlawlaryň netijesine protestler sebäpli häkimiýetdäkileriň arasynda bölünşik emele geldi. Ýagdaýa nägile bolan halk bolsa köçelere çykmaga mejbur boldy” diýip Milani aýdýar.

“Şa” döwründen has güýçli

Maloneý bolsa “Şa” döwrüniň howpsuzlyk apparaty bilen deňeşdirlende halka basyş görkezmekde, häzirki aşa liniýany goldaýanlarda mümkinçiligiň we ukybyň köpdügini belläp geçýär.

“Saýlawda ýeňiş gazanandygy öňe sürülýän Mahmud Ahmadinejady goldaýanlaryň arasynda güýçli we çekeleşikli ýagdaý dowam edýän bolsa, saýlawlaryň netijesine protest bildiýän reforma tarapdary ozalky primer minister Mir Huseýin Musawiniň hatary bolsa ýygjamlaşýar” diýip, Maloneý sözüne goşýar.

Ol Musawini goldap gelýän ozalky prezident Haşemi Rafsanjynyň roluna-da degip geçip, ylaýta-da 17-nji iýulda okan juma namazynyň hutbasynyň ähmiýetlidigini belläp geçýär. “Elbetde Rafsanjany ýaly adamlar bu sistemanyň bir bölegi bolmagyny dowam etdirer. Ahmadinejady mundan artyk goldamaýanlara indi onuň bilen işleşmek aňsat bolmasa gerek. Ýlaýta-da awgust aýynda onuň kasam kabul ediş dabarasyndan soňra düzjek hökümetinde işlemek kyn bolsa gerek” diýip Maloneý aýdýar.

Milaniniň pikrine görä halkyň herektini basyp ýatyrmakda “Şa” döwri bilen häzirki ýagdaýyň arasynda düýpli tapawut bar. “Şa döwrüne garanyňda, Yslam respublikasynda repressiw çäreler we ukyp köp. Şanyň diňe SAWAK diýlen razwedka gullugy bardy. Häzirki režimiň bolsa ýaragly Basij topary, ynkylaby goraýan gwardiýasy hem-de ýörite razwedka edarasy bar. Şoňa görä bularyň respressiw ukyplary-da köp we olardan peýlanylýar.”

“Eger-de Eýranda protestler dowam edip, häkimiýetiň esaslaryna howp abanjakdygy duýulsa, olar şübhesiz giň möçberde protestleri basyp ýatyrmagy buýruk bereler” diýip Maloneý belleýär.
XS
SM
MD
LG