Sepleriň elýeterliligi

Näme üçin Orsýetiň şäherlerindäki köçeler jenaýatçylaryň adyny göterýär?


Kara-Muza: Näme üçin Oktýabr rewolusiýasyndan soňky döwlet terrorynyň başynda duran Feliks Dzeržinskiniň adyny göterýän etraplar bar?"

Kara-Muza: Näme üçin Oktýabr rewolusiýasyndan soňky döwlet terrorynyň başynda duran Feliks Dzeržinskiniň adyny göterýän etraplar bar?"

Wladimir Kara-Muza

Haçan hem bolsa bir gün Wladimir Ýakunin bilen ylalaşaryn diýip hiç-haçan kelläme gelmezdi. “Organlaryň” önümi (onuň 1980-nji ýyllarda Nýu Ýorkda KGB-niň agenti bolup işländigi aýdylýar), Wladimir Putiniň kölegedäki Ozero daça hyzmatdaşlygynyň agzasy, birnäçe söwda firmalarynyň direktory, Watançy Uly Güýç guramasynyň wekili, Orsýetiň demir ýollarynyň ýolbaşçysy bolan Yakuniniň terjimehaly Orsýetiň häzirki korrumpirlenen çekist elitasynyň nusgalyk görnüşi. Emma olaryň aýdyşy ýaly, döwük sagat hem günüň dowamynda iki gezek dogry görkezýär.

Şu aýyň başlarynda, Ýakunin Moskwanyň Leningrad wokzalynyň taryhy Nikolaýewskiý adyny täzeden dikeltmek baradaky permana gol goýdy. Ol bu kararynyň ahyrkysy bolmajakdygyny hem wada berdi.

Şol bir wagtyň özünde, onuň bu emri birnäçe sagat soňra gyssagly telefon jaňynyň gelmegi bilen ýatyryldy. Meniň pikirimçe, Leningrad wokzaly bilen bagly waka Ýakuniniň uzak wagtdan soňra reforma çagyryşyny sem eder.

Şu gün hiç kim Berliniň kartasynda Adolf Gitleriň adyny göterýän meýdançanyň ýokdugyna geň galmaýar. Häzirki Teodor Heuss meýdançasy 1933-1945-nji ýyllarda Gitleriň adyny göteripdi. Ýa bolmasa-da Herman Georing köçesi 1935-45-nji ýyllarda Ebertstrassady.

Şunlukda, näme üçin biziň ýurdumyzdaky şäherlere we köçelere eli ganlylaryň atlaryny dakmak dowam edýär. Olar baýanlary taladylar, ruhy, medeni mirasy ýok etdiler, daýhanlary, ruhanylary hem-de ýazyjylary jezalandyrdylar we deportasiýa etdiler. Olar Orsýetlileriň iň gowy zatlaryny ýok etdiler.

Näme üçin Nowosibirskiý, Wolgograd we Perm şäherlerinde Oktýabr rewolusiýasyndan soňky döwlet terrorynyň başynda duran Feliks Dzeržinskiniň adyny göterýän etraplar bar? Dzeržinskiý rewolusiýanyň ilkinji ýyllarynda 1,5 miliondan gowrak adamynyň ölümine sebäp boldy.

Näme üçin Uraldaky uly region 1918-nji yylyň 2-nji oktýabryndaky kararyň eýesi Swerdlowyň adyny göterýär? Swerdlowyň bu kararynda Sowet hökümetiniň resmi syýasaty, “rewolusiýanyň duşmanlaryna” garşy terror yglan edilipdi.

Näme üçin Sankt Peterburgda Anatoliý Železniýakowyň adyny göterýän köçe bar? Ol ähli Orsýetlileriň Assambleýasynyň ilkinji we ahyrky gurultaýyna garşy Bolşewikleriň agdarylyşygynyň simwoly ahyryn.

Näme üçin Moskwanyň kartasynda entek hem Andropowyň adyny göterýän prospekt bar? Andropow Solženisini, Bykowskini we Galiçi daşary ýurda emigrasiýa ýollamagyň ýa-da Andreý Saharowy içerki emigrasiýa ibermegiň inisiatory boldy.

Jemgyýetiň keseli

Köçelere at dakmak üns bermez ýaly zat däl. Sowet eýýäminiň ýer-ýurt atlaryny gorap saklamak biziň jemgyýetimiziň keseli. Ol entek hem özüni totalitar infeksiýadan gorap bilenok.

1991-nji ýylyň awgustynda Sowet Soýuzy darganda, biziň bu ugurda ilkinji ädimi ätmäge mümkinçiligimiz boldy. 1992-nji ýylda Konstitusion Sud kommunistik režimi “jenaýatçy” diýip yglan etdi. Emma, biz ikinji ädimi ädip, döwlet derejesindäki şol jenaýatlary ýazgarmakdan we totalitar ideologlary hem-de olaryň simwollaryny gadagan etmekden gorkduk.

Biziň häzirki häkimiýetlerimiz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň golaýda kabul eden rezolusiýasyna reaksiýa bildirip, hakyky ýüzlerini açyp görkezdiler.

ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy Nasizm we Stalinçilik totalitar režimleriň genosid edendigini, adam hukuklaryny we azatlyklaryny depgilandigini, uruş jenaýatlaryny we adamzada garşy jenaýaty edendigini aýtdy.

Geçen 9 ýylda Putiniň režimi geň galdyrmak mümkinçiligini ýitirdi. Meniň pikirimçe, Daşary işler ministrligindäki we Federal Assambleýadaky resmileriň dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde Stalinçiligi goramagy, hat-da Kremliň goragçylaryna hem ýakmadyk bolsa gerek. Emma, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň aýdanlary Solženisiniň “Arhipelag Gulag” eseriniň 3-nji tomunyň 5-nji babynda ýazylan zatlar.

Wladimir Kara-Muza žurnalist we taryhçy hem-de Raýdaşlyk oppozisiýa hereketiniň agzasy. Ilki başda Ýežednewniý žurnalda (çelgi: http://www.ej.ru/?a=note&id=9299) çap edilen şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG