Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-niň wise-prezidenti Ukrainadan Gürjüstana ugrady


ABŞ-niň wise-prezidenti Jo Baýden şu gün Ukraina saparyny tamamlap Gürjüstana ugraýar.

Bu iki döwlete saparynda, Baýden Waşingtonyň olara ozalkysy ýaly goldawyny dowam etdirýändigini mälim edýär. Ukarinanyň Günbatara birleşmek tagallasyny, ABŞ goldaýar diýip, Baýden bu ýurduň ýolbaşçylary bilen duşuşygynda nygtady.

Düýn prezident Wiktor Ýuşenko bilen duşuşan Baýden, Ukrainanyň NATO ýaranlygyna goşulmagynyň Waşington tarapyndan goldanýandygyny hem aýtdy. Orsýet bolsa bu meselä garşy bolup gelýär.
XS
SM
MD
LG