Sepleriň elýeterliligi

Hytaý we Orsýet bilelikde harby türgenleşik geçirýärler


Terrorçylyga we ekstremizme garşy göreş boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Hytaý we Orsýet şu gün harby türgenleşige başladylar. “Parahatçylyk missiýasy 2009” ady bilen geçirilýän bu harby maşk, 5 günläp dowam edýär.

Bu türgünleşik Hytaýyň Sinjaň welaýatyndaky uýgurlaryň gozgalaňyndan bir hepde soň amala aşyrylýar. Şol gozgalaňda 200 çemesi adam heläk boldy. Harby türgenleşige 3 müň çemesi harby, 40-den gowrak söweş uçary bilen wertalýot gatnaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG