Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda prezidentlik saýlawlary geçirilýär


Saýlawlara iki gün galanda, prezident Kurmanbek Bakiýew Bişkekdäki stadionda tarapdarlarynyň öňüne çykdy.
Saýlawlara iki gün galanda, prezident Kurmanbek Bakiýew Bişkekdäki stadionda tarapdarlarynyň öňüne çykdy.

Synçylaryň pikirlerine görä, 23-nji iýulda Gyrgyzystanda geçirilmeli prezidentlik saýlawlarynyň netijelerini öňünden çaklamak mümkin.

Dalaşgärleriň biri hökmünde bu saýlawlara gatnaşýan, Gyrgyzystanyň häzirki prezidenti Kurmanbek Bakiýewiň beýleki 5 kandidaty ýeňjekdigine ynamy güýçli ýaly bolup görünýär.

Londonda ýerleşýan Uruş we Parahatçylyk Maglumatlary Institutynyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Jon Mak Loud, bu saýlawlara dalaşgär bolup gatnaşýan şahsyýetleriñ ýeňşine köp zadyň bagly bolup durýandygyny belleýär. “Kandidatlardan diňe biri halk arasynda tanalýan belli adam bolup durýar. Ol hem prezidentiň özi. Diňe Bakiýewde öz portretlerini asyşdyryp, saýlawlaryň öňýanyndaky çäreleri alyp barmaga mümkinçilik boldy.”

Mak Loudyň aýtmagyna görä, beýleki dalaşgärlerde şol çäreleri geçirmäge ne adam, ne-de maliýe mümkinçilikleri bar.

Gyrgyzystanyň Jalal-Abad welaýatynda doglan, 1-nji awgustda 60 ýaşy dolýan prezident Kurmanbek Bakiýew, 2005-nji ýylda häkimiýet başyna gelen döwründe Gyrgyzystanyň güýçli oppozisiýasynyň agzasydy. Şol döwürden bäri ol beýleki oppozision partiýalary we hereketleri gowşadyp, özüne garşy duran oppozisiýanyň ähmiýetini peseltmäge çalyşdy.

“Jamestown Foundation” guramasynyň analitigi Erika Marat, Bakiýew häkimiýet başyna geleninden soň Gyrgyzystanyň ýagdaýynyň has-da ýaramazlaşandygyny aýdýar. “Ýurduň içindäki häzirki ýagdaý, 4 ýyl mundan ozalkysyndan has ýaramaz. Akaýewiň režimi döwründe korrupsiýanyň bolandygyna garamazdan, ýurtda jenaýat bilen bagly ýagdaý azda-kände kadalydy.”

Onuň aýtmagyna görä, häzir žurnalistler hem-de oppozisiýanyň liderleri häli-şindi jenaýatçylar tarapyndan hüjüme duçar edilýärler. “Gyrgyzystanyň hukuk goraýjy organlary bolsa, olara garşy göreşmekden ejiz görünýär.”

Erika Marat, 23-nji iýulda geçirilmeli prezidentlik saýlawlarda ýeňiş gazanjakdygyna Bakiýewiň ynamynyň güýçli bolmagyna garamazdan, 2005-nji ýyldaky saýlawlardan tapawutlykda, onuň ilat arasyndaky abyraýynyň pese gaçandygyny aýdýar. “Dürli pikir soralyşyklaryň netijelerine görä, Bakiýewi ilatyň 50-den 60 %-i aralygy goldaýar. Şonuň uçin, saýlawlarda onuň alyp biljek sesi 70 ýa-da 80%-e ýetmeli däl.”

Dalaşgärler kimler?

Kurmanbek Bakiýew Sowet döwründe Kommunistik partiýanyň apparatynda dürli wezipeleri eýeledi. Soňra garaşsyzlyk ýyllary, 1997-nji ýylda Bişkek şaheriniň ýerleşýän ýeri bolan Çuý welaýatynyň häkimi wezipesini ýerine ýetirdi. 2000-nji ýylda Gyrgyzystanyň premýer-ministri wezipesine bellenildi. 2002-nji ýylda bolup geçen demonstrasiýalarda häkimiýetler protestçileri oka tutanyndan soň wezipesinden çekildi. 2005-nji ýylyň mart aýynda bolsa oppozisiýa goşulyşyp, dartgynly ýagdaý has ýitilşen pursatda ýurda wagtlaýyn ýolbaşçy hökmünde bellenildi.

Beýleki kandidatlar barada aýdylsa, Almaz Atambaýew Gyrgyzystanyň oppozision “Sosial Demokrat” partiýasynyň ýolbaşçysy. Ol 2007-nji ýylyň mart-oktabyr aýlary aralygynda ýurduň premýer-ministri wezipesini eýeledi. 52 ýaşly Atambaýewiň biznes bilen meşgullanan döwri hem bolupdyr. Ol 2005-nji, 2006-njy ýyllarda Gyrgyzystanyň senagat ministri wezipesini hem eýeläpdir. Bakiýewden soň ol saýlawlara gatnaşýan 2-nji belli şahsyýet bolup, oppozisiýadan dalaşgärleriň iň görnüklisi diýlip hasaplanylýar.

46 ýaşly Temir Sariýew “Ak-Şumkar” oppozision partiýasynyň ýolbaşçysy. Biznes bilen meşgullanan Sariýew 2000-nji hem 2005-nji ýyllarda deputat saýlandy.

Käri boýunça medisina işgäri Jenişbek Nazaralyýew neşekeşlige garşy terapeýany işläp neşekeşleriň rehabilitasiýasyny üstünlikli alyp barýandygy üçin ýurduň içinde hem-de daşynda meşhur bolan alym. Ol oppozision “Asaba” partiýasynyň agzasy. Şeýlede ol 2005-nji ýylyň başynda Akaýewiň režimine garşy belli bir hereketleriň amala aşyryljakdygyny öňünden aýdandygy bilen halkyň arasynda belli boldy. Şol ýylyň mart aýynda bolan wakalar Nazaralyýewiň çaklamagyndan hem has ýiti bolup geçdi.

Kandidatlaryň arasynda ýeke-täk zenan bolan Toktaýim Umitaliýewa ikinji gezek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşýar. Umitaliýewa Gyrgyzystanyň graždan jemgyýetçiliginiň düýbini tutan weteranlaryň biri. Ol Gyrgyzystanyň hökümete degişli däl we kommersiýa maksatly bolmaýan guramalar birleşiginiň ýolbaşçysy wezipesini 2000-nji ýyldan bäri eýeläp gelýär.

Soňky kandidat 38 ýaşly Nurlan Motiýew iň syrly kandidat diýlip hasaplanylýar. Halk arasynda oňa “Gara-Keçäniň kömür patyşasy” diýen at dakyldy. Sebäbi Motiýew 2005-nji ýylda Gyrgyzystanyň Naryn welaýatynyň Gara-Keçe regionynda ýerleşýän kömür öndüriji kärhanany häkimiýetlerden rugsat almazdan ele geçiripdir. Ol 2006-njy ýylda tussag edilip bikanuň biznes hereketleri bilen meşgullanandygy üçin oňa garşy 14 jenaýat işi gozgalypdyr. Şeýle-de ol 800 müň dollar möçberinde maddy serişdeleri ogurlanlykda aýyplandy. Häzir Motiýew tussaglykdan boşadylan bolsa-da, ýurtdan çykyp gitmek öňa gadagan edilip gelinýär.

Gyrgyzystan beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinden tapawutlykda ösen graždan jemgyýetli ýurt bolup durýar. 2005-nji ýyldaky “Bägül rewolusiýasynyň” hem graždan jemgyýetiniň wekilleri tarapyndan gurnalan demonstrasiýalaryň netijesinde amala aşyrylandygyny synçylar aýdýarlar.

Londonda ýerleşýän Uruş we Parahatçylyk Maglumatlary Institutynyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşyçysy Jon Mak Loudyň pikirine görä, 23-nji iýulda geçirilmeli prezidentlik saýlawlardan soň hem Gyrgyzystanda demonstrasiýalaryň geçirilmegi gaty ähtimal.
XS
SM
MD
LG