Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-niň wise-prezidenti Jo Baýden düýn Tbilisä bardy


ABŞ-niň wise-prezidenti Jo Baýden düýn Tbilisä bardy. Ol Amerika Gürjüstan bilen bile bolmagyny dowam eder diýdi. Baýden şeýle çykyşy prezident Saakaşwili bilen agşamlyk naharynda etdi. Saakaşwili bolsa, Waşingtonyň özlerini goldaýandygyna minnetdarlyk bildirdi.

Şu gün Jo Baýden Saakaşwili bilen gepleşikler geçirer we Parlamentde çykyş eder.

Şeýle-de Baýden syýasy oppozisiýa bilen hem duşuşar. Ol Tbilisä Kiýewden bardy. Şonda Baýden prezident Obamanyň Orsýet bilen gatnaşyklary ösdürmek aladasynyň Ukraina zeper ýetirmejekdigini aýtdy.

Baýden köp demokratik reformalara we inwestisiýa ýatyrylmagy üçin hökümeti has peýdaly işleri etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG