Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýanyň prezidenti Aşgabatda duşuşyk geçirdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we Rumyniýanyň prezidenti Traian Besesku, Aşgabat 22-nji iýul, 2009 ý.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (sagda) we Rumyniýanyň prezidenti Traian Besesku, Aşgabat 22-nji iýul, 2009 ý.

Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky dostlukly we ynamly döwletara gatnaşyklaryň soňky döwürde täze häsiýete eýe bolanlygyny Türkmen Döwlet Habarlar gullugy resmi beýanatynda ýazýar.

Maglumatda bellenilşine görä, geçen ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň prezidentiniň Rumyniýa eden resmi sapary netijesinde gelnen ylalaşyklar arkaly, taraplar hem ikitaraplaýyn, hem-de köptaraplaýyn derejelerde hyzmatdaşlyk alyp barmaga taýýarlyk bildirdiler.

2008-nji ýylyň aprel aýynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýa ilkinji sapary bilen barypdy we Buharestde NATO-nyň sammitine gatnaşypdy.

2007-nji ýylda Ýewropa Birleşiginiň doly ygtyýarly agzasy bolan Rumyniýa bilen hyzmatdaşlyga, Türkmenistan Ýewropa Birleşigi bilen gatnaşyklaryny çüňlaşdyrmak nukdaý nazaryndan hem çemeleşýär, diýip “Turkmenistan Altyn Asyr” Internet saýty ýazdy we hut şu nukdaý nazardan Aşgabatdaky gepleşikleriň pozitiw häsiýete eýe boljakdygyna garaşylýandygyny belledi.

Maglumatda gepleşikleriň gidişinde gol çekilmegi üçin taýýarlanan dokumentleriň nebit-gaz, transport we oba hojalygy ugurlaryny öz içine alýanlygy habar berildi.

Gepleşiklerde NABUCCO faktory

Öz nobatynda bilermenler Aşgabatdaky türkmen-rumyn gepleşiklerinde, Türkmenistanyň Ýewropa Birleşigi bilen energiýa hyzmatdaşlygynyň we şol sanda NABUCCO proýektiniň esasy mesele hökmünde maslahat edilendigini çak edýärler. Energiýa meseleleri boýunça bilermen, Rumyniýanyň Ylymlar akademiýasyndan Dan Susio, NABUCCO proýektiň esasy mesele bolup durýandygyny belleýär. “Geçen hepde bu proýekte tarap edilen örän wajyp ädime şaýat bolduk. Türkmenistanyň NABUCCO babatdaky planlarynyň yglan edilmegi, uzak wagtlap yza tesdirilip gelnen proýekt babatdaky täze syýasy ädim boldy. Ýewropa Birleşiginiň agzalary we proýekte gatnaşýan döwletler, Türkmenistany proýekte gyzyklandyrmak boýunça uly tagalla edip gelýärler.”

Merkezi Aziýa boýunça analitik Artýom Ulunýan, Ýewropa Birleşiginiň täze agzalaryny energiýa bilen üpjün etmek meselesiniň, Balkan döwletleriniň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň ähmiýetini güýçlendirendigine ünsi çekýär. Ol soňky döwürde Türkmenistanyň Rumyniýa we Bolgariýa bilen gatnaşyklarynyň aktiwleşmeginiň, Balkan döwletleri arasynda Aşgabat bilen göni hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän döwletler toparynyň emele gelenligi barada aýtmaga esas döredýänligini belläp, munuň Türkmenistan üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy.

Şu günki gün Rumyniýa bilen Türkmenistanyň arasynda döwletara, hökümetara we pudakara derejelerde gol çekilen 18 halkara dokument bar. Olaryň çäginde Türkmenistanda Rumyniýanyň ilçihanasy açylyp, söwda ykdysady gatnaşyklaryň güýçlenýändigi türkmen metbugatynda aýdylýar. Habar berilşine görä, Türkmenistan Rumyniýa ýangyç-energiýa kompleksiniň önümlerini satýar we transport serişdelerini hem-de demir önümlerini satyn alýar.

Dan Susionyň sözlerine görä, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäginde Rumyniýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna uly gyzyklanma bildirýär. “Häzirki wagtda iki döwlet arasyndaky ykdysady gatnaşyklar örän çäkli. Emma NABUCCO proýekti döwletara gatnaşyklaryň ösüşine hem itergi berip biler. Rumyniýada NABUCCO proýektine ägirt uly gyzyklanma bar we Rumyniýanyň diplomatlary hem-de syýasatçylary bu ugurdan Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny giňeltmäge köp tagalla edýärler.” Bilermeniň sözlerine görä, Türkmenistana şol proýekt boýunça esasy hyzmatdaş hökmünde garalýar. “Men bu ugurdan belli bir öňegidişligiň boljakdygyny çak edýärin” diýip Dan Susio aýtdy.

Gatnaşyklaryň perspektiwasy

Rumyniýaly bilermeniň sözlerine görä, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň giňelmegi, öz önümleri üçin täze bazarlaryň gözlegindäki Rumyniýa üçin täze eksport mümkinçiliklerini hem döredýär.

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň maglumatyna görä, şu ýylyň 1-nji iýulyna çenli degişli döwürde, Türkmenistanyň giňişliginde Rumyniýanyň biznesiniň gatnaşmagyndaky umumy bahasy 43 million dollardan gowrak 8 sany proýekt hasaba alyndy. Olar esasan nebit-gaz pudagyna degişli. Ýurtda hasaba alynan ýene 4 kompaniýa Rumyniýanyň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda iş alyp barýar. Bu barada Turkmenistanyň döwlet mediasy habar berýär.

Analitik Artýom Ulunýan, Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň perspektiw ugurlarynyň arasynda bilim pudagynyň ähmiýetini nygtady. “Gumanitar we spesialistleri taýýarlamak meselesini bellemek gerek. Rumyniýanyň bilim ministrliginde we Ylymlar Akademiýasynda daşary ýurtly spesialistleri taýýarlamak meselesine uly gyzyklanma bildirilýär. Ýurduň ýörite programmalary hem bar. Öz nobatynda Türkmenistan hem öz spesialistlerini taýýarlamaklyga gyzyklanýar we bu ugurdan diňe bir ýurda bil baglamak islemeýär” diýip, Artýom Ulunýan aýtdy.
XS
SM
MD
LG