Sepleriň elýeterliligi

Yragyň “federatiw” sistemasy synag ediler


Yragyň premýer-ministri Nuri El-Maliki, Nýu Ýorkdaky BMG-niň baş binasynda metbugat konferensiýasy mahalynda, 22-nji iýul, 2009 ý.

Yragyň premýer-ministri Nuri El-Maliki, Nýu Ýorkdaky BMG-niň baş binasynda metbugat konferensiýasy mahalynda, 22-nji iýul, 2009 ý.

Kürt resmileri bilen Yragyň merkezi hökümetiniň arasyndaky uzaga çeken gapma-garşylyklar, Yragyň premýer-ministri El-Malikiniň ABŞ-na saparynyň dowamynda Ak Tamda amerikan resmileri bilen gepleşiklerinde maslahat edilmeli temalaryň biri.

25-nji iýulda Yragyň demirgazygyndaky kürt awtonomiýasynda parlament saýlawlary geçirilmeli. Ses berijiler Bagdatdaky hökümet bilen gepleşlikleri dowam etdirjek wekillerini saýlarlar. Bagdad bilen Irbiliň özara gapma-garşylyklaryny çözmäge ukyby, Yrakda federatiw hökümet sistemasynyň nä derejede işläp biljekdigine synag bolar.

ABŞ-niň prezidenti Barak Obama Yrakda boljak saýlawlaryň öňisyrasynda ýurduň kürt awtonomiýasyna degişli gapma-garşylyklary çözmäge çalyşýar. 25-nji iýulda boljak saýlawlar Kürdistan regionynyň prezidenti Mesud Barzaniniň demokratiki partiýasynyň kürt resmileri bilen Bagdat arasyndaky gepleşlere ýolbaşçylyk edip-etmekdigini hem görkezer.

Uzakmöhletleýin syýasy problemalar

Obamanyň Yragyň premýer-ministri Nuri El-Maliki bilen gepleşiklerinde uzakmöhletleýin syýasy problemalara we Yragyň şaýy, sünni we kürt bileleşikleri arasyndaky milli bitewiligini gazanmak boýunça tagallara üns bermegine garaşylýar.

Federal hökümet bilen Barzaniniň regional hökümeti arasynda Yragyň demirgazygyndaky etniki taýdan gatyşykly 4 welaýatyň, şol sanda nebite baý Kerkük regionynyň üstündäki güýçli dawalar esasy meseleleriň biri bolup durýar.

Yrakly kanun çykaryjy we Kerkükdäki saýlawlar boýunça parlament komissiýasynyň agzasy Кana Ýunadem, Kerkük we beýleki dawaly regionlar bilen bagly esasy problema syýasy toparlar we häkimiýet gatlaklarynyň arasyndaky syýasy gapma-garşylyklara degişli diýip belleýär. Şol problemalar, syýasy we demokratiki prosessleriň duşmany bolup durýar. Gapma-garşylylyklar terrorçylar we beýleki milletçi hem-de dinçi ekstremistler tarapyndan hem ulanylýar” diýip, Кana Yunadem aýtdy.

Yragyň parlamentiniň ýolbaşçysy Aýad Al-Samarai, köp ýyl bäri energiýa boýunça kanunyň kabul edilmeginiň öňüne böwet goýup, ýanwar aýyna bellenen Yragyň milli saýlawlaryny yza tesdirmek howpuny döredýän bäsdeşligiň we gapma-garşylyklaryň soňuna çykmagyň örän kyndygyny tassyklady.

Krizisiň merkezindäki mesele


Halkara Krizis toparynyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika boýunça programmasynyň müdiriniň orunbasary Just Hilterman, Yragyň we Waşingtonyň liderleri barha güýçlenýän dartgynlylyk bilen bagly ýagdaýa gözegçiligini güýçlendirmeli diýip hasap edýär. “Prezident Obama Kerkük we beýleki dawaly meselelere çözgüt tapmagyň zerulygyny açyk mälim etdi. Bu Yrakdaky häzirki krizisiň merkezinde duran meseledir. Onuň çüzgüdi ençeme çylşyrymly meselelere bagly. Kürdistanyň regional hökümedi bilen Yragyň federal hökümedi arasyndaky dawalaryň çäginde Kerkük meselesine aýratyn garalmaly.”

Hiltermanyň aýtmagyna görä, prezident Obamanyň premýer-ministr El-Maliki bilen duşuşygynda Kerkük meselesine aýratyn ähmiýet beriljekdigine garaşylýar.

Halkara Krizis Toparynyň bellemegine görä, häzirki wagtda Kerkük we beýleki dawaly regionlaryň geljegini kesgitlemek, nebit girdeýjileriniň federal klanunlaryna laýyk paýlaşylmagyny we Yragyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri girizmekde Bagdad bilen Irbiliň ylalaşmagyny gazanmak esasy meseleleriň arasynda durýar.

Waşingtonda bolan gepleşiklerde ABŞ-niň prezidenti Barak Obama bilen Yragyň premýer-misnistri Nuri El-Malikiniň arasynda ABŞ-niň goşunlarynyň Yrakdan çykarylmagy meselesi maslahat edildi. Obama, ABŞ-niň 2011-nji ýylyň aýagyna çenli öz harbylaryny çykarmak boýunça yglan eden planyny berjaý etmekçidigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG