Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda prezidentlige saýlawlar geçirilýär


Şu gün Gyrgyzystanda prezidentlige saýlawlar geçirilýär. Ýurduň merkezi saýlaw komissiýasy, ýerli wagt bilen sagat 13-e çenli ses bermäge hukukly bolanlardan 46%-niň gatnaşandygyny mälim etdi.

Häzirki prezident Kurmanbek Bakiýewiň ýene 5 ýyl möhlet bilen 2-nji gezek saýlanjagy çak edilýär. Oppozisýa bolsa saýlawlarda galplyklaryň barlygy hakynda faktyň bardygyny hem-de demonstrasiýa arkaly nägileliklerini beýan etjekdiklerini öňe sürdüler.

Oppozision lider Almazbek Atambaýew, guramaçylykly esasda protest demonstratsiýa geçiriljekdigini mälim etdi. Gowşan soňky maglumata görä oppozisýon dalaşgär Atambaýew prezidentlik saýlawlaryndan kandidaturasyny yzyna alypdyr.

Ozalky premýer-ministr Atambaýewiň Bakiýewiň esasy bäsdeşidigi çak edilipdi.
XS
SM
MD
LG