Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-niň wise-prezidenti Baýden Gürjüstanda


ABŞ-niň wise prezidenti Jo Baýden şu gün Tbiliside Gürjüstanyň prezidenti Mihail Saakaşwili bilen gepleşikler alyp bardy.

Gürjüstana saparynyň ahyrky gününde, Baýden Waşingtonyň bu döwlete ozalkysy ýaly goldawyny dowam etdirýändigini Saakaşwilä mälim etdi.

Gürjüstan, ABŞ bilen harby hyzmatdaşlyk etmegi hem-de bu sebite amerikan synçylarynyň gözgeçilik etmegini isleýär.

Şu gün Baýden Gürjüstanyň oppozision şahsyýetleri bilen duşuşýar.



XS
SM
MD
LG