Sepleriň elýeterliligi

Islandiýa Ýewropa Birleşigine goşulmak isleýär


Ýewropa Birleşigine goşulmak üçin, Islandiýa resmi taýdan ýüz tutdy.

Islandiýanyň Daşary işler ministri Ossur Skarfedenson öz döwletiniň bu baradaky arzasyny Stokgolmdaky ýörite dabarada Şwesiýanyň Daşary işler ministri Karl Bildte gowşurdy.

Häzir birleşige Şwesiýa ýolbaşçylyk edýär. Geçen hepde Islandiýanyň parlamenti Ýewropa Birleşigine agza bolmak meselesini makullady. Birleşige goşulmak meselesi ähliumumy referendumda kabul edilmeli.
XS
SM
MD
LG