Sepleriň elýeterliligi

Usama Ben Ladeniň oglunyň ölendigi habar berilýär


ABŞ-niň maglumat serişdeleri razwedkanyň maglumatlaryna salgylanyp, Al Kaýda toparynyň lideri Usama Ben Ladeniň oglunyň ölendigini habar berdiler.

Amerikanyň milli jemgyýetçilik radiosynyň maglumatynda, Ben Ladeniň kiçi oglunyň Päkistanyň daglyk raýonlaryna edilen güýçli raketa hüjüminde ölendigi aýdyldy. Şol žurnalistlere maglumat beren razwedka resmisi, Saad Ben Ladeniň Al Kaýdanyň söweşijisi bolsa-da, onuň ýolbaşçylarynyň hataryna girmändigini belledi.
XS
SM
MD
LG