Sepleriň elýeterliligi

Halkyň goragy ugrundaky gaýratly zenan Aýgül Täjiýewa dünýäden ötdi


Türkmen parlamentiniň öňki deputaty, Türkmenistanyň Gyzyl haç we gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň öňki başlygy, Şwesiýada emirgasiýada ýaşaýan Aýgül Täjiýewa 2009-njy ýylyň 22-nji iýulynda 65 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

2002-nji ýylyň “noýabr wakalaryndan” öň Türkmenistandan çykan Aýgül Täjiýewa ömrüniň soňky günlerine çenli Azatlyk radiýosy bilen hyzmatdaşlyk etdi.

Aýgül Täjiýewa 1944-nji ýylyň 27 awgustynda Mary şäherinde dogulýar. Ol türkmen döwlet medisina institutyny tamamlandan soň Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasynda işleýär. Täjiýewa Türkmenistanyň Gyzyl haç we gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň deputaty bolupdy. Ol soňky işlän wezipelerinde ýurtda eneleri, çagalary goramak, olaryň sosial-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça ençeme kanunlaryň işlenip düzülmegine gatnaşyp, şol kanunlaryň parlament tarapyndan kabul edilmegine aktiw gatnaşdy.

“Bosgunlaryň hossarydy”

Aýgül Täjiýewa
Aýgül Täjiýewa Halkara Gyzyl haç we gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Türkmenistandaky edarasyna baştutanlyk etdi. Bu wezipede işleýän döwri bitiren hyzmatlary barasynda Eýrandan Türkmenistana sygynyp gelen köp sanly eýranly türkmenleriň biri, häzir Azatlyk radiýosynyň işgäri Akmyrat Gürgenli şeýle ýatlaýar. “Biz oňa Aýgül ejeke diýerdik. Ol gyzyl haç, gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy hökmünde Eýrandan gelen türkmenleriň Türkmenistandaky hossarydy. Okajak oglanlary ýokary okuw jaýlaryna ýerleşdirmekde, işlemek isleýänlere iş orunlaryny tapmakda Täjiýewanyň eden tagallalary hiç haçan ýatdan çykmaz. Eger birimiz näsaglap keselhana düşsek, gije-gündiz diýmän onuň başujunda häzir bolardy. Polisiýa bilen gürleşip, gerekli dokumentleri almaga kömek etdi. Netijede Eýrandan gelen türkmenleriň köpüsi Günbatara, Ýewropa ýurtlaryna emmigrasiýa çykyp bildi. Bu sanananlar Aýgül Täjiýewanyň eden köp sanly hyzmatlarynyň ujypsyzja bölegi. Ýewropa ýurtlarynda ýaşaýan türkmenler elektron poçta arkaly hat ýollap, merhumýn ýakynlaryna gynançlaryny ýetirmegmizi haýyş edýärler. Merhumyň jaýy jennetden bolsun.’’

Аýgül Täjiýewa Sowet Soýuzynyň soňky ýyllarynda Türkmenistanyň demokratik ösüş ýoluny saýlap almagy, Türkmensitanyň garaşsyz ýurt bolmagy ugrunda deputat hem graždan hökmünde aktiw iş alyp bardy. Ýurtda dowam edýän problemalary ýokary derejede goýup, ýolbaşçylaryň hem ilat köpçüliginiň ünsüni çekip bilýändigi üçin Saparmyrat Nyýazow onuň deputatlyk mandatyny möhletinden öň ýatyrmagy gazanypdy.

Agzybirlik halk hereketi

Agzybirlik halk hereketiniň başlygy Nurberdi Nurmämmedow Aşgabatdan jaň edip, “Aýgül Täjiýewa Türkmenistanyň Ýokary Sowetine deputatlygyndan soň biziň bilen hyzmatdaşlyk etdi, Agzybirlik halk hereketiniň agzasy boldy. Işimize aktiw gatnaşdy. Şol döwürler biziň her ugurlardan gatnaşyklarymyz bardy. Daşary ýurtlardaky özümiz ýaly hereketler bilen, halkara jemgyýetler bilen gatnaşyklarymzy bardy. Munda Aýgül aktiwlik görkezdi. Merhumyň jaýy jennetden bolsun’’ diýip merhuma gynanç bildirdi.

Uzak wagtlyk göz hem öý tussaglygy, işsizlik, häkimiýetleriň gysyşlary netijesinde Aýgül maşgalasy bilen 2002-nji ýylyň “noýabr wakalary” diýilýänden öň Türkmenistandan Moskwa aşýar. Ol iki ýyllap kyn şertlerde, kireýine arzan jaý tapyp, bu şäherde ýaşady. Şol döwürde-de Azatlyk radiýosy bilen hyzmatdaşlyk etdi. Bosgunlaryň işi boýunça BMG-niň kömegi bilen Şwesiýa emigrasiýa çykandan soň has ýakyndan aragatnaşyk saklady.

Özara gürrüňlerde Aýgül Türkmenistanda ýaşlaryň häkimiýete gelmegine, şonda öňki sistemanyň demokratik sistema bilen çalşylmagyna şansyň artýandygyny aýdyp, dowam edýän hem halkyň başdan geçirýän kynçylyklaryna biperwaý garap bilmeýändigini, kalbynyň töründe türkmenistanlylar bilen bir howadan dem alýan ýaly özüni duýýandygyny aýdardy.

Azatlyk radiýosynyň Türkmen gullugynyň işgärleri merhumyň maşgala agazalaryna, ýakynlaryna çuňňur gynanç bildirýärler.
Jaýyň jennetden bolsun, mähriban adam!
XS
SM
MD
LG